GARA TURPUŇ PEÝDALANYLYŞY

                                           

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň  12-nji jiltiniň çapdan çykanyny eşidip, örän begendim. Bu kitap biziň ýankitabymyza öwrüldi. Beýik lukman Ibn Sina aýdypdyr: «Lukmançylyk ylmy üç sütünde durýar — söz, ösümlik we tyg». Hakykatdan hem, dermanlaryň örän köpüsini ot-çöpden ýasaýarlar. Men ösümlikleriň peýdasy barada iki sany mysal getirmekçi. Şu günler güýz aýlarynda möwsümleýin sowuklama we bronhitler dem alyş ýollarynyň sowuklamasy köpelýär. Olardan soň hem üsgülewük uzak dowam edip bilýär. Üsgülewükde gara turpuň şiresiniň peýdasy köpdür. Gara turpuň içini çukur edip oýmaly, içine bal guýmaly, bal ýok bolsa, onda arassalanan turpy tokga böleklere bölmeli, üstüne şeker guýmaly. Bölünip çykan şiräni her sagatda bir nahar çemçesinden içmeli. Gara turp sowuklama we bronhitlerde örän oňat peýda berýär. Turp immuniteti örän oňat tijendirýär we onda mikroblary öldürýän fitonsidler, üsgülewigi köşeşdirýän efir ýaglary bar. Ondan başga-da, gara turpda C witamini bar we bakteriýalaryň öýjüklerini dargadýan lizosim maddasy bar. Ýöne gara turpy aşgazanyň baş keselinde we bagryň, böwregiň, aşgazanasty mäziň sowuklamasynda peýdalanmak maslahat berilmeýär. Onuň ýaly ýagdaýda döş kapasasyna turpuň şiresini çalmaly.

Eger-de, dişiňiziň etleri ganjarýan bolsa, onda 20-30 gram guradylan naryň gabygyny 200 ml. suwda haýaljak otda 30 minut gaýnatmaly, soňra süzüp, şu gaýnatma bilen nahardan soň agzyňy çaýkamaly. Nar gabygynyň gaýnatmasyny diňe diş etleriniň ganjarmasynda däl, eýsem, stomatitlerde, aftalarda (agyzyň içine maýda ýaralar düşse) hem ulanýarlar. Sebäbi onda dubil (gamaşdyryjy) we mikroba garşy täsir bar. Sowuklamany bejermekde hem täsiriniň bardygyny ýatladýarys.