Türkmenistanda milli kadylarymyzyň hatarynda saz boýunça taryhçylaryň ýokdygy hakyndaky oýlanmalar ýaş Çaryýar Jumaýewe ynjalyk bermeýärdi. Biziň bagşylarymyzyň aýdymlaryny , üstesine-de ençeme kompozitorlarymyzyň sazlaryny bütin dünýäde bilýärler, ýöne özüň bagşy bolman bagşyçylyk sungaty hakda nähili aýdyp bolar. Bular hakda Sungat inistitutynyň uzak gijeler oýlanýan, ýagdaýlara görä bir gezek eline gargytüýdük alan talyby gaýdyp ony şu günlere çenli elinden düşürmeýär. Ýöne bular hakda yzygiderli tertipde gürrüň bereris.

Üç ýaşly Çaryýar Jumaýew ejesinden jyda düşýär, kakasy ikinji gezek mümkingadar juda mylaýym aýala öýlenýär. Ýöne, eýsemde bolsa. ony hakyky ejeň bilen deňäp bolarmyka? Ýalňyz bir zat ýigdekçäniň göwnüne teselli berýärdi, ol oň göwnüne juda ýaraýan goňşy gyzy Nurgözeldi. Haçan-da olar onunjy synpda okaýarkalar bir gezek özaralarynda şeýleräk gürrüň bolupdy:

— Haýp, men saňa öýlenip bilmerin.

— Näme üçin?

— Ýöne meň özümden uly üç doganym bar. Olar öý-işik bolýançalar garaşmaly bolaryn.

— Näçe wagt garaşmaly bolsa garaşaryn.

Nurgözel uzak ýedi ýyl garaşdy.

Tükmengala etrabynda on ýyllygy tamamlan Çaryýar Jumaýew D. Öwezow adyndaky Döwlet sazçylyk mekdebiniň dutar öwreniş synpyna okuwa girýär. Bir gezek üçünji ýyllyk talyp döwründe gargytüýdükçi Baky Maşakowyň sazyny diňleýär. Çaryýar Jumaýew aňk bolup galýar, bu saz guralynyň owazy ony özüne bendi edip baglaýar, Baky Maşakowyň ussatlyk bilen ýerine ýetirişi bolsa geň galmalaryň täsirini has-da güçlendirýär.

Çaryýar Jumaýew gargytüýdükde saz çalmagy öwretmegini haýyş edip sazandanyň üstüne sözüň doly manysynda labyryny atýar , emma üzül-kesil garşylyga sezewar bolýar. Baky Maşakow muny saz mekdebinde okmaga iki ýyly galan talyby ussat edip ýetişdirip bilmejekdigi bilen düşündirýär. Emma ol şeýle diýsede Çaryýar Jumaýewi doly tanamandy. Gönümel talyp dutary bir gyrada goýup, eline gargytüýdük alýar. Ol birnäçe sazlary öwrenip, ýene-de Baky Maşakowa ýüz tutýar. «Gör, nähili keçeňek! — meşhur gargytüýdükçi hüňürdeýär. — Hany, gel sen geçen wagtyň içinde nämeleri öwrendiň diňläli». Emma erjel talybyň saz çalyşy oň pikirini üýtgetmäge mejbur edýär: bolýar ansamblda saz çalarsyň.

Çaryýar Jumaýewiň — sazçylyk mekdebindäki sapaklar, ansamblda saz çalmak, agşamky nobatçylyk, «Вечерний Ашхабад» gazetiniň ştatdan daşary habarçylary bilen hyzmatdaşlyk, teleýaýlymda çykyş etmek — bularyň baryna nädip wagty ýetdikä, düşnüksizdi.

Şunuň ýaly juda dartgynly döwürde Çaryýar Jumaýew Nurgözele öýlense-de Aşgabada alyp gitmäge jaýy ýokdy, üstesine-de ýaşamaga harç ýagdaýy hem ýabygorlydy. Maşgala ýetmezçiligini çözmäge ýene-de Baky Maşakow kömege ýetişdi. Çatma bolsada jana-jan rahat ýaşaýşyy umyt edip, hiç hili amatly şerti bolmadyk wagtlaýyn jaýy teklip etdi, üstesine-de Nurgözeli haly kärhänäsyna iş ýerleşdirdi. Maşgalany ekläp saklamak üçin diňe talyp haky ýeterlik bolmansoň Çaryýar Jumaýew göz keselleri inistutyna gijeki garawul bolup iş ýerleşýär we gijeki nobatçylyk döwründe saz hakynda oýlanyp, makalalar ýazýar. A. Uspenskiý bilen A. Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitaby oň hemişe el ýeterinde boldy. Hut şol döwürde türkmenleriň arasynda sazyň döreýş ylmy boýnça hünärmenleriň ýokdugy barada oýlanýardy. Çaryýar Jumaýewde jemlenen adalata bolan duýgy bu ýiti meseläni aradan aýryp, ýagdaýlary düzetmek islegi döreýär.

Türkmen döwlet sungat institutyny tamamlansoň Çaryýar Jumaýew D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde dutar we gargytüýdük synpynda sapak berýär hem ylym bilen ýakyndan meşgullanýar.!993-nji ýylda «Inustrumental sazlaryň türkmrn däp-dessurlary» diýen mowzuk boýunça Taşkent şäherinde kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorap, sazyň döreýş ylmy boýunça diplomly hünärmen bolýar. Bu hakykat bellenilmän galmaýar. Çaryýar Jumaýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at dakylyp, mugallymçylyk kärini dowam etdirmek üçin Türkmen milli konserwatoriýasyna işe geçirýärler.

Indi Çaryçar Jumaýew diňe sazanda hökmünde däl-de, eýsem sungat öwreniji alym hökmünde-de çykyş edýär. Oňa şowly çykyş etmek bolsa az bolmandy. Ol öz gargytüýdügi bilen Ýaponiýa, Angliýa, Kambodža, Türkiýe ýaly we beýleki ýigrimi döwletde boldy.

Türkmen halk sazyny öwreniş sungaty boýunça üç ýüzden gowrak makalalary dürli dillerde —rus, iňlis, pars, türk we elbetde türkmeniň ene dilinde oň ady bilen çap edildi. Ol halkara konferensiýalarynda otuzdan gowrak nutuk bilen çykyş etdi.

Şu ýylyň 5-nji iýulynda Çaryýar Jumaýew «!9-njy asyr we biziň günlerimizde türkmen halk sazlarynyň ýerine ýetiriliş usuly» diýen mowzukdan dissertasiýa gorap doktorlyk diplomyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna barabarlykda doktorlyk derejesini goramak haýsydyr bir daşary ýurtda däl-dä eýsem Aşgabatda geçirildi. Bu iş üçin Polşadan, Ýaponiýadan — 1995-1997-nji ýyllar aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasynda taýýarlyk okuw geçen biziň aspirantymyz Haki Tomoýýadan, Türk we ýakyn daşary ýurtlardan kanagatlanarly seslenmeler alyndy. Şu günki gün Çaryýar Jumaýew konserwatoriýanyň türkmen sazynyň gargytüýdükçiler topary kafedrasynda ýerine ýetirijiligiň taryhyndan we saz öwretmegiň usulyýetinde sapak berýär. Ol — üç gözleýjileriň, üsyesine-de olaryň ikisi bagşy bolan toparyň ýolbaşçysy. Sazçylyk uçilişşesiniň derňew işlerinde jemlän endiklerine tarap uzak ýol geçen talybyň arzuwy amala aşýar.

— Şeýlelikde, Siz kim, Çaryýar Jumaýewiç — tejribeli sazandamy ýa-da taryhçy sazandamy?

— Men hem alym, hem artist. Üstesine-de men bagtly maşgalabaşy, sebäbi biz Nurgözel bilen biri-birimize juda oňat düşünişýäris.