GEÇINEM ÖZ AÝAGYNDAN ASÝARLAR, GOÝNAM
Gadym zamanlarda bir garyp ýigidiň agasy baý täjir bolupdyr. Ol söwda edeninde kim bolsa-da çürkäp goýberer ekeni. Günlerde bir gün täjir inisini ýanyna çagyryp:
— Sen bu diwanaçylyk-gedaýçylygyňdan el çek, ine saňa baýlyk, näme gerek bolsa göter — diýipdir. Onda inisi:
— A how, biz her niçik aga-inem bolsak, seniň täjirçilik bilen gazanan maly-dünýäňden maňa çigit ýaly zat derkar däl, sen meni öz günüme goý — diýipdir-de, öz köneje howlusyna ötägidipdir.
Inisiniň howlusy bolsa baý täjiriň golaýynda eken. Baý her gün öz howlusynda duran wagtynda, inisiniň ahy-nala bilen dady-perýat edýän sesini eşider eken.
Günlerde bir gün baý ýigit töwerek-daşyna aýlanyp ýörkä, görse, inisiniň howlusyndan hemişeki eşidilýän gamly sesiň ýerine şatlykly owaz gelýärmiş. Baýyň inisi ýeke özi däli-porhan bolup saz çalyp, aýdym aýdýarmyş. Muny eşiden baý gaty geňirgenipdir. “Baryň, ondan habar alyň, ony alyp geliň” diýip, hyzmatkärlerini onuň öýüne ugradypdyr. Hyzmatkärler däli-porhan bolup oturan diwanany alyp gelipdirler. Baý:
— Ýeri, inim, sen günüňi gaýgy-gam bilen geçirýärdiň. Bu günki şatlygyň nämäniň alamaty? — diýip, sorapdyr.
— Aý, agam, eşider bolsaň, men bu gün bazara bardym — diýip, ol söze başlapdyr.
— Barsaň barypsyň-da, bazara. O taýda näme beýle şatlyk gördüň?
— Agam, men gassap bazaryna bardym welin, görsem, geçinem öz aýagyndan asypdyrlar, goýnam öz aýagyndan asypdyrlar. Men ikimiz aga-ini bolanymyzdan soň, seniň il-güni çürkäp ýörşüň üçin menem günäkär bolýandyryn öýdüp, gorkup hemişe aglar ýörerdim, ýöne welin asyl beýle däl eken. Ýaňky aýdyşym ýaly, bu gün men bazarda geçiniňem öz aýagyndan, goýnuňam öz aýagyndan asylýanyny gördüm we her kimiň öz eden günäsi üçin diňe özüniň jeza çekjegine düşündim. Şonuň üçin wagtym hoş bolup, şatlanyp durşumdy — diýip, jogap berip çykyp gaýdyberipdir.