Etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ösmegi we terbiýelenmegi ugrunda uly işler bitirilýär. Sport mekdebimizde göreldeli tälimçiler türgenler bilen sportuň birnäçe görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny geçýärler. Bu ýerde sportuň boks, erkin göreş, ýeňil atletika, ýaýda ok atmak ýaly görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklary talaba laýyk alnyp barylýar. Geçen ýylda türgenlerimiz welaýat we döwlet möçberinde geçirilen ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, gowy netijeleri gazandylar. 

Tälimçileriň arasynda has tapawutlanýanlardan sportuň boks görnüşi boýunça Begmuhammet Şadyýewi, sportuň ýaýda ok atmak görnüşi boýunça tälimçi Täçmyrat Gartanowy görkezmek bolar. Bize köpugurly sport toplumlaryny we sport mekdeplerini gurup berip, sporty ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.