GIDROGEOLOGIÝA

GÖZLEGLERINIŇ ÄHMIÝETI


Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny, energiýa serişdelerini gözläp tapmak, olary peýdaly ulanmak bilen önüm bolçulygyny üpjün etmek geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligine doly baglydyr. Geologiýa-gözleg işlerine gidrogeologiýa gözleg işleri hem degişlidir. Häzirki zaman gidrogeologiýa usullary arkaly çözülýän birnäçe meseleler toplumy örän uly bolup, olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

— ilatly nokatlary, oba hojalygyny we senagat pudaklaryny suw bilen üpjün etmek üçin ýerasty suwlary gözlemek, barlamak we ulanylýan gorlaryna baha bermek;

— sagaldyş-bejeriş (derman) işleri, himiýa senagaty we ýylylyk (energetika) üçin ýerasty mineral-derman, senagat we ýylylyk beriji suwlary gözlemek, barlamak we ulanylýan gorlaryna baha bermek;

— gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň ýataklaryny maksadalaýyk özleşdirmegi kesgitlemek üçin olaryň gidrogeologik şertlerini öwrenmek;

— ekin we öri meýdanlary suwlandyrmak we aşa çyglaşan ýerleri guratmak maksady bilen geçirilýän gidrogeologik barlaglar;

— gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň ýataklarynyň gidrogeohimik we radiogidrogeologik gözlegi;

— gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklary almaklygyň täze öňdebaryjy usullaryny (himiki, gidrawliki we ş.m.) gidrogeologik esaslandyrmak;

— ýerasty suwlaryň gorlaryny emeli artdyrmaklygyň we olary hapalanmadan goramaklygyň gidrogeologik esaslandyrmasy; 

— senagatyň ulanan zyňyndy suw akymlaryny çuňluklara akdyrmaklygyň gidrogeologik esaslandyrmasy;

— nebit we gaz üçin emeli ýerasty suwuklyk saklaýjy desgalary gurmak bilen baglanyşykly gidrogeologik barlaglar;

— ýerasty suwlaryň sebit — giň meýdan we belli bir ýer üçin düzgüniniň çaklamasyny gidrogeologik esaslandyrmak;

— geologik gurşawy adamyň hojalyk işleriniň täsirine we ony goramaklyga baha bermek bilen baglanyşykly gidrogeologik barlaglar.

Bu meseleleriň takyk çözülmegi ýurdumyzda önüm bolçulygynyň döremegi bilen bagly ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär.