GIŇ  DÜŞÜNJE  BERILÝÄR

                

Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýiti ýokanç keseliň ýaýramagynyň garşysyna göreş giň gerimde alnyp barylýar. Ähli alym lukmanlar bu dörän ýokanç keseliň garşysyna waksina tapmak ugrunda gije-gündiz işleýärler. Biziň ýurdumyzda hem bu ýiti ýokanç keselden goranmak üçin degerli işler alnyp barylýar. Onuň üçin lukmanlar tarapyndan berlen görkezmeler birkemsiz ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de ynsan saglygyny goramak hem-de keseliň ýaýramagyna garşy göreşi ýokarlandyrmak maksady bilen şu günler edara-kärhanalarda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Geçirilýän maslahatlar örän täsirli bolup, onda lukmanlar degerli maslahatlary berýärler. Maslahatlaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen lukmanlara ýüzlenip, anyk jogaplary alýarlar. Bu bolsa ynsan saglygyny goramak üçin edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Halkynyň sagdyn hem ruhubelent bolmagy, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!