Çölde goýun üstüne täze gelen çolugyň ýeke özi motosikl bilen oba gidip gelmeli bolaýsa, çopanyň ýol sargydynda “Aňňatlyga düşeňde, göçmeden ägä bol! Göçmä duşsaň, ýoluňy ýitirersiň” diýen täsin sargyt bar. Çölde alaň ýaly beýik däl-de, 3-4 metr beýiklikdäki orak şekilli aňňatlar ýüzlerçe metre uzap gidýär. Hiç hili ösümlik gögermeýän bu çäge depeleri şemal nireden öwüsse şoňa görä ýerini, görnüşini, şekilini üýtgedip, göçüp, ýolagça azaşmak howpuny salýar. Bulutly günler ugur-utgaňy ýitirdýän aňňatlardan geçmeli bolaňda hem akyp ýatan çägede ulagyň batyp uly kynçylyk döreýär. Göçmeleriň çölde gara ýollary, demir ýollary çäge syradyp, gömmek howpy bar bolany üçin, gatnawly ýollaryň gyrasyna hyşadan, gamyşdan kesip-gyrkyp gözenek-gözenek edip, berkidýärler.

Gumlular göçme depeleriň halanmaýandygy üçin häsiýeti durnuksyz, sähel zada birden-birden çakdan aşyberýän, durnuksyz adamlara-da “göçme” diýýärler. 

Çöl ýolunda-da, durmuş ýolunda-da göçmelerden gaçarak bolunsa ýagşy.