BAGTYMYZ ÜÇIN

Keşdeleýşi deýin gülleň dünýäni,
Senem ýaz eýlediň meniň dünýämi,
Aýralyga ykbal oýny diýmäli,
Göreşeli munda söýgimiz üçin.

Ikimizem ýaz ýagşynyň aşygy,
Aýyraly göwnüň garly gyşyny,
Dolup-daşyp söýgi bolup ýaşaly,
Göreşeli munda bagtymyz üçin.

Eglenme wadaly ýere geleňde,
Güller bolsun gujak-gujak eliňde,
Şu pursatdan başlap menem, senem-de,
Göreşeli munda söýgimiz üçin.

Saýrak guşlar gury agaçda eglenmez,
Bagt hötjetdir, bir gidensoň dolanmaz,
Ýollar uzak, hiç bir ýana öwrülmez,
Gol ber şol ýollara düşmeklik üçin.

                                            A. AKYMOWA.


  Türkmen sen

Synladym ülkämiň dagy-düzüni,
Gül mekanly dünýä dolan türkmen sen!
Pyragynyň parasatly sözüni,
Kalba guýup arşa galan türkmen sen!

Taryp etsek Mollanepes şahyry, 
Duşurdy Zöhre jan bilen Tahyry, 
Asyrlaň gatyndan çykyp, ahyry,
Abraýy äleme dolan türkmen sen!

Zelili hem Seýdi şirin söz peýläp,
Watany wasp etdi, mertlere taýlap, 
Içmekden kyrk ýamaň manysyn saýlap, 
Kemine şahyrly bolan türkmen sen!

Garaşsyz Diýaryň toýuny toýlap, 
Bagtyýar günleri bir-bire taýlap, 
Arkadag halkyma bagtlylyk paýlap, 
Baky Bitaraplyk alan türkmen sen! 
                                        Ý. Tüwäýewa. 


          Ezizim
Sen soraýaň ýarym: “Ýetenok nämäň?”, 
Maňa diňe sen ýeteňok, ezizim!
Sen ýanymda bolsaň çykmaz meň nalam,
Maňa diňe sen ýeteňok, ezizim!

Ähli gaýgy-gamdan geçesim gelýär, 
Şatlykdan joş alyp göçesim gelýär, 
Dolup-daşyp göwnüm açasym gelýär, 
Ýöne maňa sen ýeteňok, ezizim!

Aşyk diýip, ýarym, bilýäň, adym bar, 
Uçgunlap tutaşan yşky odum bar, 
Senden başga şükür, ähli zadym bar, 
Maňa diňe sen ýeteňok ezizim.
                                   A. BEGMANOW.


                 GAR
Wah, söýmeýän barmy  ilkinji gary.
                                 Nikolaý Rubsow.

Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?
Sebäp ol gar, ýagýar kalbyň törüne.
Yşk derdine bolup ol derman-däri,
Meňzäp dur ol agyn söýgiň nuruna.

Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?
Ak asmandan arzuw bary ýagyp dur.
Dolan ýaly ak ýyldyzdan Ýer şary,
Ynsan ýüreginden mähir çogup dur.

Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?
Gözüm gitdi, diýdim: “Gara öwrülsem”. 
Kirpiklere düşüp, ezip ol ýary,
Hemem ol ýaňakdan syrygyp bilsem.

Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary? 
Ýatlatdy ol ilki söýen bagtymy.
Seniň zyňan garyň şol günden bäri,
Köz deý ýyladyp dur, köňül tagtymy.

 

  N. ÝUSUPDURDYÝEWA.


       GYŞ GIJESI
Bu gün juda sowuk, menem üşeýän,
Onki süňňüm galpyldap dur sowukdan.
Heder etmän, Aýly gije aýazy.
Barýan ýyly demim bilen kowup men.

Aý öz keşbin görmek üçin Zeminde,
Dowam etdi ýalkymyny çaýmasyn.
Bu gün Aý şöhlesi suwa düşmedi,
Döwmäge dözmänsoň suwuň aýnasyn.

Şo mahalam uýaljyrap, kä jyklap,
Aý ýatlatdy bir gözeliň näzlerin.
Men şonda düşündim, sowuk gyşlarda,
Ýar goýnunda gizlenýänin ýazlaryň.
                                      A. KÄLLIÝEW.