GÖZEL PAÝTAGTYMYZ— АK BAGTYMYZ


          Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan şähergurluşyk syýasaty netijesinde ak mermerli Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi has-da gözelleşýär. Paýtagtymyz ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin amatly şähere, dünýä we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülip, uly meşhurlyga eýe bolýar. Aşgabat ekologiýa taýdan arassa şäherleriň sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Paýtagtymyz eýýäm birnäçe ýyl bäri ekologik görkezijileriniň ýokary derejesi bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde ählihalk ýowarlary geçirilip, agaç nahallaryny köpçülikleýin oturtmak işleri alnyp barylýar.

      Nurana paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän keşbine buýsanç bilen garaýarys. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barylýan ýoluň ugrunda bina edilýän kaşaň «Garagum» myhmanhanasy gadymyýetde Beýik Ýüpek ýoly arkaly syýahatçylaryňdyr täjirleriň gatnan ýollarynyň ugrundaky kerwensaraýlaryň häzirki zaman, döwrebap görnüşini ýadyňa salýar. Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda bu kaşaň myhmanhana Aşgabadyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny, myhmanlaryny amatly hem-de ýokary hilli ulag hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça hem giň gerimli işler ýola goýulýar. Koreýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan ýörite ýolagçy awtoulaglary, ululy-kiçili awtobuslar yzygiderli satyn alynýar. Paýtagtymyzda hereket edýän ýolagçy awtoulaglarynyň hyzmatlary has-da kämilleşdirilýär. 

         Aşgabat — ýürekleriň nagşy, köňülleriň şirin aýdymy. Gözel paýtagtymyzy näçe söýseň, näçe taryp etseň, az ýaly. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurulýan täze binalardyr desgalar paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, olarda mähriban Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy hem-de ajaýyplylygy öz beýanyny tapýar. Şeýle ajaýyp işleri amala aşyryp, ýurdumyzy hem-de paýtagtymyzy dünýä tanadan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!