GÖZEL YMARATLARYŇ USSATLARY

                                                            

Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda güneşli Diýarymyzda gurluşyk işleriniň talaba laýyk alnyp barylmagy ugrunda  ägirt uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da gurluşyk-gurnama işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna-da örän uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem, ähli amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy halkymyzyň ýaşaýyş- -durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

“Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň zähmetsöýer işgärleri ajap eýýamymyzyň gözel binalaryny gurmakda degerli işleri bitirýärler. Önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary gurlup, ulanmaga berilýän binalardyr desgalaryň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün edýärler. Müdirligiň işine ökde gurluşykçylaryň ýadawsyz zähmetinden kemala gelýän göze gelüwli ymaratlar şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna täze mümkinçilikleri açýar. Guramaçy ýolbaşçy Amangeldi Ataýewiň başlyklyk edýän müdirliginiň gurluşykçylary häzirki wagtda paýly gurluşygyň hasabyna Baýramaly şäheriniň Galkynyş köçesiniň ugrunda üç sany iki gatly, sekiz öýli ýaşaýyş jaýyny gurýarlar. Şeýle hem, Garagum etrabynyň Akmeýdan geňeşliginde köp ýyllyk karz puluň hasabyna 5 sany üç otagly, Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň Kyrk işik obasynda bäş sany üç otagly ýaşaýyş  jaýyny bina etmekde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Gurluşyk-gurnama işlerinde iş öndüriji Baýramgeldi Gylyjow, kerpiç örüji Guwanç Oratjaýew, suwagçy Mergen Orazmyradow, krançy Baýram Nurlyýew  öndürijilikli zähmet çekýärler. Müdirligiň gurluşykçylary Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny mynasyp jemlemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýärler.