IŇ  GÜÝÇLI


Kakasy oglunyň geljekde abraýly, bilimli adam bolmagy ugrunda elinden gelenini gaýgyrmandyr. Ogly iň abraýly ýokary okuw jaýlarynda okap, bilim alypdyr. Kakasy hem gerek ýerinde mydama ogluna ýardam-kömek edip, goltgy beripdir. Okuwyny tamamlap, ogly dürli kärlerde işläp, ýokary wezipeleriň eýesi bolupdyr. Kakasy hem ogluna daşyndan guwanyp, buýsanyp gezipdir...

Günlerde bir gün kakasy ogluny görmek üçin onuň işleýän edarasyna barypdyr, ogluna guwanypdyr. Özi ömrüni daýhançylyk bilen geçirensoň, perzendiniň bu ýeten derejesinde özüniň uly paýynyň bardygyna buýsanypdyr. Ogly oturgyjyna ýaplanyp otyrka, onuň arkasyndan baryp, oglunyň egnine elini goýupdyr-da, şeýle sowal beripdir:

— Oglum, seniň pikiriňçe, dünýäde iň güýçli adam kim?” (Kakasy oglunyň “Elbetde, sen kaka” diýip, jogap bererine garaşypdyr). Ogly bolsa:

— Iň güýçli adam bu —      — men — diýip, jogap beripdir.

Kakasy bu garaşylmadyk jogaba allaniçigsi bolup, gamlanyp, sesini çykarman daşary tarapa ýöräberipdir. Çykyp barýarka, ýene bir gezek yzyna gaňrylyp, ogluna ýaňky soragy beripdir. Ogly:

— Ýok, kaka, dünýädäki iň güýçli adam bu — sen — diýen. Kakasy bolsa:

— Ýöne edil ýaňja hem sen iň güýçli men diýdiň ahyryn, diýipdir. Ogly:

— Hawa, ol wagt iň güýçli adam mendim. Çünki, seniň elleriň meniň egnimdedi, kaka — diýip, jogap beripdir.