Güneşli Diýarymyzyň sähralarynda bolşy ýaly, dowarlaryň owlak-guzy möwsümi welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrabynyň bereketli ýaýlalarynda hem guramaçylykly geçirilýär. Etrabyň “Serhetçi” maldarçylyk hojalygynyň çopan toparlary hem şu gyzgalaňly möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda maldarçylyk hojalygy boýunça mallaryň baş sany 53670 bolup, şol sanda ene goýunlaryň 27760-syndan 26129 sany sagdyn, guzy almak meýilleşdirilipdir. Hojalykda Gurbanaly Täçmuhammedowyň 1-nji, Kakamyrat Myradowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji maldarçylyk fermalarynyň çopan toparlarynyň arasynda möwsümi üstünlikli jemlemek maksady bilen özara ýaryş giň gerime eýe bolýar. Ýaryşda Gurbanaly Täçmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän maldarçylyk fermasynyň çopan toparlary öňde barýar. Guramaçy, işbaşarjaň müdir bilen giň sährada, zähmetiň gaýnap joşýan ýerinde didarlaşdyk.

— Fermamyz boýunça 38790 sany baş mal bolup, şol sanda ene goýunlaryň 17654-sinden 16771 sany sagdyn, guzy almaklyga hötde geldik. Gyzgalaňly möwsümde Eziz Söýünowyň, Güljemal Meňliýewanyň, Merdan Akmuhammedowyň, Kakabaý Arrykowyň, Baýram Meredowyň çopan toparlary özara ýaryşda öňdeligi eýelediler. 

Otlaşyp ýören ene goýunlar ussat çopan Eziz Söýünowyň önüm alýan sürüsi bolmaly. Eziz çopan inisi Kyýas Söýünow, aýal dogany Jeren bilen mallara eýelik edýär. Kyýas çopan bilen tanşanmyzda, ol: 

— Görüp durşuňyz ýaly, şu işşek goýunlary toklulygyndan bäri bakýarys. Olaryň 1000-si hem orta semizlikde. Owlak-guzy möwsümine taýýarlykly geldik. Gyzgalaňly möwsümde birinji garna önüm bermeli işşek goýunlardan 850 sany tohum guzyny almaklygy başardyk. Bu işde aýal doganym Jeren ýakyndan kömek berýär. Oňa hem goýun bakmaklygyň syrlaryny öwredýärin. Geljekde özbaşdak süri alsam, ýanyma Jereni kömekçi çopan edip aljak — diýip, Kyýas çopan dünýä inen guzujygy synlap durşuna gürrüň berdi. 

Ýaz pasly özüniň meýmirediji sergin şemalyny sahylyk bilen eçilýär.Ýakynda ýagan ýagyş ýaşyl meýdana reňk çalnan ýaly edipdir. Kyýas Söýünow çopan taýagyny eline alyp, buýsanç bilen şeýle diýdi:

— Meýilnamamyza abraý bilen hötde gelip, ýaryşda öňdeligi eýeledik. Döredijilikli zähmetimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna zähmet sowgadymyz bolar.