Halkara medeni forum

14 – 15-nji sentýabr aralygynda Özbekistanda ÝUNESKO bilen «Orta Aziýa dünýä siwilizasiýanyň çatyrygynda» atly Halkara medeni forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Duşuşyga Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Çäreler Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy şäherlerden biri Hywada geçer. Bu ýerde Merkezi Aziýa boýunça gözleg işleri bilen meşgullanýan alymlar we bilermenler, akademiki edaralaryň wekilleri, şeýle-de sosial we gumanitar ylymlary boýunça hünärmenler, şol sanda filosoflar, lingiwistler, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, antropologlar we sosiolaglar ýygnanyşarlar. 

Forumuň esasy maksady etrabyň baý taryhyny we ýadygärliklerini açyp öwrenmekden durýar. Mundan başga-da forumyň mowzugynda «COVID-19» pandemiýasynyň we klimatyň üýtgemeginiň çagyryşlaryna hem-de howpuny öwrenmäge bagşylanar.