«Hatuniýe» kitaphanasy

Библиотека «Хатуние».     Bu kitaphanany «Hanumiýe» diýip hem atlandyrypdyrlar. Bu kitaphana Gadymy Merwde ilkinji zenanlar kitaphanasydyr.  XI asyryň  ahyrynda ýa-da XII asyryň başynda döredilen bu ylmy ojak Merwiň adybir medresesinde ýerleşipdir. Bu medrese we kitaphana, atlaryndan hem mälim bolşuna görä, ýörite zenanlar üçin niýetlenipdir. Şol döwürde ylmyň ösmegi, erkekler bilen bir hatarda zenanlaryň hem ylym-bilim almaga bolan höwesiniň artmagy bu kitaphanalaryň döredilmegine esas bolupdyr. 

N.Rahimi, ar-Rawendiniň berýän maglumatlaryna salgylanyp şeýle belläpdir: «bu kitaphana ylymsöýer seljuk hanymlarynyň haýsy hem bolsa biriniň tagallasy bilen esaslandyrylypdyr». Şeýle diýmek bilen, ol Mälik şanyň aýaly we Mahmydyň ejesi Türkan hatynyň, Mahmydyň aýal dogany Mahmelek hatynyň, Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatynyň, Soltan Sanjaryň gyzy Mahmelek hatynyň atlaryny agzap geçipdir. Bu maglumatlar türkmen şa zenanlarynyň, Orta asyrlar döwründe ylymdan-bilimden gyrada durmandyklaryna şaýatlyk edýär . Berkarar döwletiň, bagtyýarlyk döwründe gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan kitaphana sungatynyň ösüşi türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynda dünýä medeniýetiniň bäşinji merkezi hökmünde ykrar edilen gadymy Merwe aýratyn orun degişlidir. Taryhyň dürli döwürlerinde ol ykdysady, syýasy we medeni ösüşi bilen dünýäniň ünsüni çekipdir. Merwde dünýäniň iň uly kitaphanalary ýerleşipdir, aýratyn «Ylym öýleri» bar eken. Bu ýerde dünýä meşhur alymlar, akyldarlar ýaşapdyrlar.