Haýwanlaryň käte üýşüp öz aralarynda jedel edäýmesem bar. Jedel gyzsa olaram adamdan bäş beter bolýan eken.

Ine, iner, pil, at, öküz, it bir açyk meýdana çykypdyrlar-da, öz aralarynda uly goh: “Kim zor-da, kim zor!” bolşup jedel edýärler. Onda iner:

— O-how, iner iner bor-da. Men barkam başga zory gözläp nätjek — diýip, höwür erkek aýtdy.

— “Düýeden uly pil bar” diýip eşitmänmidiň — diýägetdin, pil onuň badyny aldy-da,  holtumyny asmana tutup nagra tartdy. Soň öküz ýeňsesini tüňňertdi: “Giden meýdany azal bilen çöwrüp taşlaýan. Men zor!”.

Item beýleki haýwanlardan kem galyp barýana döndi: “Uzakly gije ýatman üýrüp, howp-hatardan heder etmän, sakçylyk edýän. Zoruň, zor-a men!”.

Häliden bäri dymyp duran at bularyň sözüni jemledi. Köplenç, iň soňundan degerli sözi kim aýtsa, şonuňky hem dogry hasaplanýar. Ine, bu gezegem şeýle boldy.

— Men size bir zat aýdaýyn, eger dogry bolsa hemmäňiz dogry diýip jogap beriň — diýip, at öz şertini olaryň boýnuna goýdy. “Bolýa-da bolýa” diýensoňlar at aýtdy: 

— Köçeden bir süri düýe geçsin, pil geçsin, öküz ýa-da it geçsin, tapawudy ýok, ony  hiç kim aňşyrmaz. Ýöne atyň welin, ýeke özüniň toýnagynyň sesi bir menzilden eşidiler. Özüňizem: “At gelýär” diýeniňizi duýman galýansyňyz. Dogrumy, şu aýdýanym?! 

Olar dogry zada dogry diýmeli boldular: “Dogry! Dogry!”.

— Dogry bolsa, zoruň zory atdyr! — diýip, bedew at ýalyny silkip kişňedi.