Hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisine taýýarlyk görülýär

 

Wise-premýer Şahym Abdrahmanow anna güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklary we beýleki resminamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, gurluşyk we senagat ulgamlarynda, dag magdany, azyk we derman senagaty pudaklarynda, hususy işewürlik ugrunda, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki Hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, özara bähbitlilik we uzak möhletlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde bu tejribäniň özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady.