Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna tarap ugur aldy. Şol ýerde eksport maksatly önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyk gelýän häzirki zaman önümçilik toplumy guruldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen dokma pudagy ileri tutulýan milli bähbitleri hem-de dünýä ykdysady giňişligindäki umumy integrirlenmek meýillerini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Mundan başga-da ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalar bar.

Şeýle-de Dokma senagaty ministrligine degişli “Altyn asyr” söwda merkezinde we beýleki birnäçe ýöriteleşdirilen dükanlarda soňky döwürde uly meşhurlyga eýe bolan milli önümleri satyn almak bolýar. Şolaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň “Gala” tikin-örme, Aşgabat dokma toplumynyň “Goza”, Türkmenbaşy jinsi toplumynyň “Bedew” kysymly önümleri, Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar.

Kärhanalarda Ýaponiýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, hususan-da, “Rieter”, “Benninger” (Şweýsariýa), “Trützschler”, “Schlafhorst”, “Zinser”, “Monforst”, “Küsters” (Germaniýa), “Marzoli”, “Mario Crosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio”, (Italiýa), “Picanol” (Belgiýa), “Tsudakoma”, “Juki”, “Muratec” (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň enjamlarynyň oturdylmagy öňde goýlan maksatlary üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

Dokma toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de olaryň öndürilýän çig mal serişdeleriniň golaýynda gurulmagy kärhanany ugurdaş önümleri öndürmäge gönükdirmäge hem mümkinçilik berýär. Bu bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kärhanalaryň düşewüntliligine hem-de harytlaryň ahyrky bahasyna täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öndürilýän önümleriň halkara hil ölçeglerine hem-de ekologik howpsuzlyga kybap gelmegine uly üns berilmelidigini nygtaýar. Pudagyň kärhanalarynyň önümleri ISO 9001 “Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik ulgamy”, ISO 14001 “Daşky gurşawy goramak”, OHSAS 18001 “Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy” güwänamalary bilen bellenildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de täze önümçilikleri döretmegi ýa-da hereket edýänleriniň ugruny üýtgetmegi göz öňünde tutýan eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi toplumyň ähli düzüm bölümleriniň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şertdir.

Bu meselä oýlanyşykly çemeleşilmegi, köp görnüşli ýokary hilli harytlaryň önümçiliginiň özümizde ýola goýulmagy hem-de olaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň düýpli azaldylmagyna mümkinçilik berdi. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň hem-de ilatyň möwsümleýin isleglerini öwrenip, önümleriň dünýäde meşhur täze görnüşlerini, beýleki harytlary işläp taýýarlaýar we önümçilige ornaşdyrýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan dokma senagatynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän senagatynyň depginli ösüşiniň mysalyna öwrülendigini belleýär.

Ýurdumyzda tebigy-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda öňdäki orunlarda durýar.

Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy Diýarymyzyň şöhratyny we abraýyny artdyrdy.

...Ir bilen täze düzümleýin desganyň — dokma toplumynyň çäginde baýramçylyk dabarasy emele geldi. Bu ýerde dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze kärhananyň ýanyndaky meýdança gonýar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Sungat ussatlarynyň joşgunly ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere bardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu gün biz ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty pudagynda ýene-de bir täze desganyň — Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandyk diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz dokma senagaty pudagyny ösdürmäge uly üns berýäris. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris.

Häzirki döwürde bu pudagyň garamagynda 60-dan gowrak kärhana bolup, olarda 24 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, giň görnüşli dokma önümlerimiz bu gün dünýäniň onlarça döwletine eksport edilýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar Watanymyz “ak altyna” deňelýän pagta çig malyna örän baý döwletdir. Pagta çig malyny rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz täze gurulýan dokma kärhanalaryna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze ýokary öndürijilikli enjamlaryny we innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrýarys. Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaraly garşy alýarys. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp sanly iri önümçilik we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu gün täze işe girizilýän Kaka dokma toplumy hem iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabardyr. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 300 adam zähmet çeker.

Toplumyň tutýan meýdany 18 gektardan ybarat bolup, onda önümçilik binalaryndan başga-da 2 gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk binalary, awtoulag duralgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly şertleri döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, 2 sany 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, dokma toplumy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy, ýagny bu toplumda Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň ýüplük egriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň we Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary ornaşdyryldy diýip belledi.

Kärhananyň ýokary tehnologiýaly enjamlarynda, esasan, inçe süýümli pagtadan ekologik taýdan arassa, ýokary hilli ýüplükler, olardan boýalan we boýalmadyk nah matalar, şeýle hem daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen taýýar tikin önümleri öndüriler. Bu bolsa ýurdumyzyň içerki bazaryny dürli görnüşli dokma önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde önümleriň artýan bölegi “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara iberilip, pudagyň eksport mümkinçiligi artdyrylar.

Milli Liderimiz bulardan başga-da häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 800 000 amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmäge uly üns bereris. Pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dokma önümleriniň önümçiligini köpeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçireris diýip belledi.

Biz bu maksatlary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, şeýle hem importyň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutduk. Bu maksatnamalaýyn wezipeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga uly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda hemmeleri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Kaka etrabynda gurlan täze, döwrebap dokma toplumynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden ýene bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez rysgal-döwlet, dokma senagaty pudagynyň işgärlerine bolsa alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze toplumyň çägine geldi.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli dokma senagatynyň ösmeginde möhüm orun eýelejek täze toplumyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, pudagyň täze kärhanasy açyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, täze senagat toplumynyň düzümine ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik fabrikleri girýär. Bu çözgüt milli ykdysadyýetimiziň pudaklary köpugurly esasda ösdürmegi, sebitleriň senagat taýdan ösüşini we bar bolan çig maly çuňňur gaýtadan işlemegi nazarlaýan strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Toplumda ýörite barlaghana bölümi bolup, onda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen ýüplükleriň we beýleki önümleriň hil görkezijileriniň häzirki zaman talaplaryna, ekologik ýagdaýa laýyk gelýändigi kesgitlenilýär.

Toplumyň egirme-hil barlag bölüminde ýarym taýýar önümleriň belgisini kesgitlemek üçin ýörite saraýjy enjamlarda ýüplükler saralýar we taýýar önümler elektron terezisinde onuň belgisi kesgitlenilýär. Şeýle hem bu enjamyň kömegi arkaly ýüplükleriň çeýeligi, olaryň towunyň berkligi kesgitlenýär we degişli netijeler berilýär. Barlaghanada pagta süýüminiň berkligi, galyňlygy, uzynlygy we beýleki görkezijileri kesgitlenip, olar boýunça önümçilige degişli netijeler ugradylýar.

Taslamada çig maldan başlap, onuň taýýar önümlerine çenli ähli iş ulgamy göz öňünde tutuldy.

Täze dokma toplumynyň işe girizilmegi pagta süýüminiň önümçiligini artdyrmaga hem-de ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny ýerinde gaýtadan işlemek netijesinde daşamak üçin çykdajylary azaltmaga, girdejileriň artmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, bu etrap senagat taýdan ösüp, onuň ykdysady kuwwaty artar. Bu önümçilik toplumynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda girişilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite ulagda toplumyň ýüplük fabrigine tarap ugrady.

Fabrikde ylmyň iň soňky gazananlary we dokma önümçiliginde täzeçil tehnologiýalar ulanylyp, ekologik taýdan arassa önümler öndürilýär. Ykdysady taýdan bähbidi bolan enjamlaryň ulanylmagy bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen kuwwatlyklaryň esasy şertidir.

Hünärmenleriň biri milli Liderimize bu ýerde ähli dolandyryş işleriniň awtomatik usulda ýerine ýetirilýändigi we ýörite monitorlar arkaly işiň gidişine gözegçilik edilýändigi barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik ulgamynyň tehnologiýasy we onuň aýratynlyklary, bölümde ornaşdyrylan enjamlaryň ähmiýeti hem-de ýerine ýetirýän işleri bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik tapgyry bilen tanyşdy. Maglumatda fabrikde ýurdumyzda öň öndürilmedik önümiň — “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügiň çykarylmagynyň ýola goýlandygyna, şonuň ýaly-da ýüplügiň garyşyk görnüşlerini çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilendigine üns berildi.

Täze görnüşli ýüplükler uly adamlaryň lybaslaryny, ýokary hilli örme önümleriň, ýorgan-düşek örtgüleriniň we jorap önümleriniň önümçiliginde ulanylýar.

Bu ýerde Şweýsariýanyň meşhur “Rieter” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tüýdüji-sazlaýjy we arassalaýjy enjamlar toplumy ornaşdyryldy. Täze tehnikalar ýüplükleriň ýokary hilini we berkligini üpjün edýär. Mundan başga-da bu kysymdaky enjamlar sanly ulgam arkaly işläp, ýitginiň az bolmagyny, energiýanyň tygşytlanylmagyny we şol bir wagtyň özünde önümleriň ýokary hilli bolmagyny şertlendirýär.

Dokma toplumynyň egirme fabriginde bir ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlenip, “kompakt-penýe” görnüşli ýokary hilli ýüplükleriň 3 müň 650 tonnasyny, şeýle hem garyşyk ýüplükleri öndürmek mümkinçiligi döredildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň dokma fabrigine geldi. Bu ýerde taýýar ýüplükler hil barlagyndan geçirilýär, olaryň berkligi, çeýeligi kesgitlenilýär.

Toplumda täzeçil tehnologiýa esasynda işleýän innowasion enjamlar oturdyldy. Şolaryň kömegi arkaly süýümleriň, ýüplükleriň häsiýetli aýratynlyklary kesgitlenilýär. Bu ýerde öndürilýän önümler halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Bu bolsa matanyň berkligini, olaryň ekologik taýdan arassalygyny üpjün edýär.

Bu fabrikde Germaniýanyň innowasion tehnologiýaly “Karl maýer” kompaniýasynyň ýüwürdiji we petleýji enjamlary, Belgiýanyň “Piсanol” kompaniýasynyň kämil enjamlary oturdyldy, şeýlelikde, bu ýerde ýylda 12 million inedördül metr möçberdäki ýokary hilli mata öndürmek mümkinçiligi bar.

Bu ýerde öndürilýän matalar reňk aýratynlyklary, çeýeligi, ýakymlylygy, iň esasy bolsa ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Toplumyň önümleriniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynda häzirki zamanyň talaplarynyň berjaý edilýändigini görkezýär.

Şeýle hem bu ýerde taýýarlanýan matalar türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän inçe süýümli pagtanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi netijesinde alynýar. Şol bir wagtyň özünde toplumda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlarynyň ulanylmagy matalaryň ýokary hil görkezijilerine laýyk gelmegini şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda dünýä dokma işewürliginde garyşyk ýüplükler we matalar barha uly islege eýe bolýar, şunda önümiň nämä niýetlenilýändigine baglylykda, arassa we sintetiki süýümler dürli amallar arkaly garyşdyrylýar. Süýüminiň her bir görnüşi garyşyk ýagdaýda öz wezipesini ýerine ýetirýär. Pagta öz aýratynlyklaryna laýyklykda, yssy döwürde salkynlyk bermäge ukyplydyr. Poliester serişdesi önümleriň berkligini we olaryň ýygyrt atmazlygyny üpjün edýär hem-de taýýar önümleriň dürli öwüşginli, ýiti reňkli bolmagy üçin peýdalanylýar. Şeýlelikde, şeýle ýüplükden taýýarlanylýan matanyň berkligi, ýygyrt atmaýandygy, onuň has owadan daşky görnüşi möhüm hil häsiýetnamalary bolup durýar.

Ýokary hil derejeli dokma önümleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikinçilik pudagynyň ösüşine, içerki bazaryň öz ýurdumyzda öndürilýän nepis hem-de ýokary hilli taýýar dokma önümleri bilen üpjün edilmegine kuwwatly itergi berer, olar import harytlarynyň ýerini tutar, bu bolsa öz nobatynda eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga giň ýol açar.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň boýag fabrigine geldi. Bu ýerde taýýar matalary boýamak üçin niýetlenen kämil enjamlar degişli tertipde oturdylypdyr. Fabrikde işleýän hünärmen milli Liderimize önümçiligiň tehnologiýa ýagdaýy barada gürrüň berdi. Bu ýerde matalar öz görnüşine görä, dürli taýýarlyk işlerinden geçirilip, halkara ölçeglere kybap gelýän görnüşde boýalýar.

Fabrikde ornaşdyrylan enjamlar boýag işleriniň ýokary hilli bolmagyny we Gün şöhlesine durumlylygyny üpjün edýär. Matalaryň hil derejesi olaryň uzak möhletleýin ulanylmagyny, şol bir wagtyň özünde bolsa adam üçin ýakymlylygyny şertlendirýär. Bu ýerde dürli görnüşli ýörite enjamlarda mata önümçiliginiň häzirki zaman ulgamy hereket edýär. Şolaryň hatarynda Germaniýanyň “Monforts” we “Jagenberg”, Türkiýäniň “Eliar” ýokary öndürijilikli boýag enjamlary önümçilik we hil babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şolaryň kömegi arkaly himiki we boýag serişdeleri zerur mukdarda awtomatik usulda alynýar, dürli boýaglar taýýarlanylýar.

Hünärmen bu ýerde netijeli işlemek ugrunda ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli dokmaçylaryň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli Liderimiz toplumda işleýän hünärmenleriň aglaba böleginiň gyz-gelinlerdigini nazarda tutup, bu ýerde zenanlaryň ilkinji guramasynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, onuň gelin-gyzlaryň iş we dynç alyş şertleri, medeni çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz toplumda işleýän zenanlaryň baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaga işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, bu ýerde taryhyň dowamynda zenanlaryň zehininden dörän hünäriň döwrebap derejede ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Boýag bölüminde taýýar matalar kesgitlenen möçberde toplanylýar we tikin bölümine ugradylýar. Milli Liderimiz matalaryň toplanylyşy, möçberleri bilen gyzyklanyp, taýýar önümleriň häzirki zamanyň ýokary hil tejribesine laýyk gelmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň tikinçilik fabrigine geldi we bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, taýýarlanylan lybaslaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Fabrikde Ýaponiýanyň “Juki”, Germaniýanyň “Veit”, Türkiýäniň “Astron”, “Özbilim” ýaly, dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlaryndan ybarat bolan önümçilik toplumy ornaşdyryldy.

Tikin fabriginiň işiniň düzümine lybaslaryň görnüşlerini taýýarlamak hem-de reňk aýratynlyklaryny kesgitlemek we bezeg işleri ýaly ugurlar girýär. Şunda zehinli zenanlaryň döreden milli lybas taýýarlamak däplerine möhüm orun berilýär. Bu ýerde oturdylan enjamlar işi sanly ulgam arkaly alyp barmaga, matalaryň ölçegini, biçüwini we artyk galýan bölekleriniň möçberlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bu ýerde lybaslar üçin harçlanýan matanyň, sapaklaryň möçberleri, gaplamak we gaplaryň görnüşleri bilen baglanyşykly maglumatlar jemlenilýär. Synag önümhanasynda abzallaryň we enjamlaryň görnüşleri boýunça sarp edilýän sapaklaryň, şeýle hem önümleri öndürmek üçin zerur bolan wagtyň möçberi hasaplanylýar.

Fabrikde ornaşdyrylan köpugurly we ýöriteleşdirilen enjamlar tehnologik yzygiderlilik arkaly lybaslaryň aýratyn böleklerini, ýakalaryny, ýeňlerini taýýarlaýarlar we olar awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen birleşdirilýär.

Soňra taýýar lybaslar ýörite hil barlagyndan geçirilip, söwda bölümlerine ugradylmak üçin gaplara salynýar.

Ýeri gelende aýtsak, fabrigiň ammary bolup, olarda lybaslar üçin zerur möçberdäki ilikler, syrmalar we lybaslaryň nyşanlary saklanylýar. Şeýle hem bu ýerde sarp edijileriň isleglerine laýyklykda, dürli bezegler ýerine ýetirilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýere geçip, ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän çagalar we ýetginjekler üçin taýýarlanylýan lybaslaryň görkezilişini synlady.

Bu ýerde ulular we çagalar üçin niýetlenen gelşikli, ykjam we ýokary hilli lybaslaryň biçüwinde hem-de bezeginde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyryldy. Zenan lybaslarynda ýerine ýetirilen bezegler, keşdeler olaryň göze gelüwliligini artdyrýar. Aýratyn nepisligi bilen tapawutlanýan milli şaý-sepler lybaslaryň bezegini has-da artdyrýar.

Çaga lybaslary, olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary, pagta süýüminden öndürilen lybaslar toplumy, uly adamlar üçin köýnekler, penjekler we jalbarlar, aýdyň öwüşginli zenan lybaslary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Milli lybaslary taýýarlamagyň gadymy ýörelgeleri bilen häzirki zaman meýilleriniň utgaşdyrylmagy türkmen dokma önümleriniň ýokary hilini beýan edýän mahabatdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň öňdebaryjy dokma enjamlaryny öndürýän kompaniýasynyň we Halkara standartlaşdyrma guramasynyň (ISO) sanly ulgam arkaly dabara gatnaşyjylara goşulan wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Hususan-da, “Monforts” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Stefan Flýot Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belläp hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady taýdan uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistan ösüşinde ägirt uly öňegidişlik gazandy. Şunlukda, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap dokma senagaty emele geldi.

Dokma senagaty ministrliginiň täze dokma toplumy üçin “Monforts” enjamlarynyň saýlanyp alynmagy bizi has-da begendirýär. Kaka we Babadaýhan etraplary üçin enjamlar we soňky taslamalar bilen birlikde Türkmenistanda häzirki wagtda täzeçil enjamlarymyzyň 15-siniň ulanylýandygyna buýsanýarys, geljekde bu möçberiň artdyryljakdygyna ynanýarys diýip, işewür belledi.

Stefan Flýot çykyşynyň dowamynda «NeoTek» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiline Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynda Monteх iki sany stabilizirleýji çarçuw liniýasyny, “Thermeх” we “Monforteх” boýag liniýalaryny gurnamaga mümkinçilik döredendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Dokma timarlaýyş enjamlaryny öndüriji hökmünde “Monforts” kompaniýasy açyk inli matalaryň dürli görnüşini boýamak we bezemek işleri bilen meşgullanýar, ýörite programmalar üçin çözgütler hödürleýär. Biz häzirki wagtda enjamlarymyzyň az energiýa sarp etmegi, zyňyndylaryň az mukdarda bolmagy we matalary ygtybarly gaýtadan işlemegi bilen bu pudagyň öňdebaryjysy hasaplanýarys. Biziň kompaniýamyz öz alyp barýan işlerinde Germaniýanyň Mýunhengladbah şäherindäki baş edaramyzyň işiniň hemişe takyk, çalt we ygtybarly bolmagyny baş ýörelgämiz hasaplaýar diýip, Stefan Flýot aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumyna “Monforized” kompaniýasynyň güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Soňra sanly ulgam arkaly “SGS” kompaniýasynyň daşary ýurtlarda güwälendiriş hyzmatlary boýunça dolandyryjysy Bora Şengül çykyş etdi. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak mümkinçiligine şatdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşýanlaryň ählisini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti ösdürmekde ägirt uly üstünlikler gazanandygy bellenildi. Ýurtda häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen köp sanly dokma toplumlary guruldy.

“SGS” topary önümler we dolandyryş ulgamlary üçin gözleg, synag, barlag we güwänama hyzmatlaryny ýerine ýetirýän dünýä belli kompaniýadyr. Dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we ösdürmek strategiki çözgütdir, ol kärhanalara umumy öndürijilige ähli güýçleri jemlemäge, sarp edijileri ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär, munuň özi kärhanadan daşky gurşawy goramak boýunça iň ýokary hil görkezijisini hem-de ygtybarlylygy talap edýär diýip, Bora Şengül aýtdy.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň dokma toplumy we Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli pagta egriji fabrikleri halkara derejede ykrar edildi we olara ISO 9001, ISO 14001 we OHSAS 18001 güwänamalary gowşuryldy.

Kompaniýanyň wekili Kaka etrabynda gurlan täze dokma toplumyna ISO 9001 we SA 8000 güwänamalaryny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy hem-de toplumyň işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Jenap Bora Şengül çykyşynyň ahyrynda ýurdumyza ajaýyp geljek hem-de täze üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem täze dokma toplumyna önümçilik ulgamynyň ähli tapgyrlarynda zyýanly himiki serişdeleriň ýoklugyny we onuň howpsuzlygyny tassyklaýan OEKO-TEХ Standard 100 güwänamasy gowşuryldy. Munuň özi önümleriň hiliniň goşmaça görkezijä eýedigini ykrar edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy, onda täze dokma toplumynda öndürilen, ekologik taýdan arassa ýüplüklerden taýýarlanylan dürli görnüşli taýýar önümler — çagalar we ulular hem-de zenanlar üçin niýetlenen egin-eşikleriň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynyň milli Liderimiziň tagallasy bilen ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary, olarda ornaşdyrylan enjamlar we işiň täzeçil usullary milli dokma önümçiliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar, “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşan bilen çykýan harytlaryň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümleri synlap, olaryň berkligi, ýakymlylyk derejesi we taýýarlanyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik taýdan arassa çig maldan taýýarlanýan önümleriň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz önümçiligiň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip belledi. Şu maksat bilen täze toplumda işleýän işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň ýokary gazananlarynyň peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy, şeýle hem täze dokma toplumyna 10 sany täze awtobusyň, ýeňil awtoulagyň we 2 sany ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa pudagy ösdürmek, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, şeýle hem dokmaçylaryň amatly ýaşaýşy hem-de dynç almagy babatynda şertleri döretmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk bildirildi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, pudagyň işgärlerini täze desganyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de olara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi, dokma pudagynyň hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga önjeýli goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dokma toplumynyň çäginden çykyp, Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýanyna geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ýaş nesil, onuň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek çözgüdi barada aýtdy.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze, döwrebap ýörite awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesiniň keselleriň öňüni almakdan, olary anyklamakdan ybaratdygyny belläp, ýöriteleşdirilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň bu işde lukmanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ýaş nesil baradaky aladasy hem-de ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.