HOŞNIÝETLI  GATNAŞYKLARYŇ  SÜTÜNI

                           

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk baýramyny milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly zähmet üstünliklerini gazanmak bilen garşy alýar.

Türkmen halkynyň beýik geçmişli taryhy ýoly bar. Ata-babalarymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda 70-den gowrak döwleti, ruhy, medeni hem-de maddy gymmatlyklary döredip, dünýä taryhynyň sahypalarynda öz mynasyp adyny goýmagy başardy. Ata-babalarymyz türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly beýleki halklar bilen gatnaşyklary ýola goýup, rehimdarlygy, sahawatlylygy bilen tapawutlanyp, ýüze çykýan meseleleri parahatçylyk ýollary arkaly çözmegi başarypdyrlar.

XX asyryň ahyrynda ata-babalarymyzyň Garaşsyz döwlet gurmak arzuwy hasyl boldy. Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan döwletimiz özbaşdaklygyň ak ýoluna düşen günlerinden halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly ösüşi saýlap aldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Bu biziň ýurdumyzyň sene ýazgysynda Garaşsyzlykdan soň gazanylan taryhy waka öwrüldi. Şondan soňra bolsa döwletimiz özara peýdaly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlygyň pelsepesine esaslanyp, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekili hökmünde Türkmenistan döwletimiz ilkinji gezek 1992-nji ýylyň iýulynda ÝHHG-niň Helsinkide geçirilen sammitinde öz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde oňyn Bitaraplyk ýörelgesini saýlap alýandygyny yglan etdi. Soňra Türkmenistanyň bu başlangyjy Yslamabat maslahatyna gatnaşan döwletleriň ýolbaşçylarynyň gyzgyn goldawyna hem eýe boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanandan soň Garaşsyzlygy gorap saklamagyň we ädimme-ädim berkitmegiň täze taryhy şertlerde ýoluny saýlap aldy. Has takyk aýtsak, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisi Garaşsyz Türkmenistanymyzyň jar eden hemişelik Bitaraplygy hakyndaky meselä garap, bu abraýly halkara gurama agzadöwletleriň 185-siniň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Bu Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, onuň halkara işlerinde oňyn ornunyň giňden ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy. Şol pursatdan biziň döwletimiziň öňe tarap ynamly ösüşinde täze taryhy döwür başlandy. Bu waka parahatçylygy gorap saklamak babatynda diňe bir döwletiň çäklerinde däl, eýsem, bütin sebit derejesinde uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini kabul etmegi BMG-niň Düzgünnamasyndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Türkmenistan 25 ýylyň dowamynda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, dünýä jemgyýetçiliginiň ynamdar we işjeň hyzmatdaşy bolmak bilen, uly halkara abraýyna eýe boldy hem-de iş ýüzünde bu hormatly derejäniň berilmeginiň tötänleýin däldigini subut edip gelýär. Bitaraplyk döwletimiziň baş sütünleriniň biri hökmünde bize asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, halkara işlerine işjeň gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistan döwletine Bitarap döwlet hökmünde uly ynam bildirilip, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň, “Ýewropa öýüniň” açylmagyny, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-ä agza 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesiniň ikinji gezek ykrar edilmegini hem-de bu abraýly gurama tarapyndan 2017-nji ýyldan 12-nji dekabryň her ýyl Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegini guwanç bilen görkezmek bolar. Ýene-de bir guwançly wakalaryň biri hem 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny kabul edip, 2021-nji ýyl—Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamasynyň kabul edilmegidir. Bu bolsa ýurdumyzyň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä giňişliginde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak işindäki uly mümkinçilikleriniň ykrar edilmegini şertlendirýär. Galyberse-de, 2021-nji ýylda parahatçylygyň we ynanyşmagyň dünýäde wagyz edilmegi dartgynlylygy azaltmak, jedelleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol bilen kadalaşdyrmak, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň derejesiniň pese gaçmagyny ýeňip geçmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi berer. 

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan, güneşli Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, halkara abraý-mertebesini barha ýokarlandyrýan milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!