HOŞNIÝETLI  SYÝASATYŇ  MIWESI

                                        

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy, şan-şöhraty günsaýyn belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz ählitaraplaýyn tanalmaz derejede özgerýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylýan üstümizdäki ýyl Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Sebäbi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde ýurdumyz Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde, goňşy we dünýäniň döwletleri bilen agzybirlikli, ylalaşykly gatnaşyklary ösdürmekde, jedelli meseleleri diňe diplomatik ýollar arkaly çözmekde halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda her bir günümizi zähmet üstünliklerine besleýän halkymyz uly dabara bilen belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýuna sowgatly barýar. Çünki, bu şanly sene döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak iň ajaýyp baýramlaryň biri bolar.

 


 

           

 

 


 

                                                 .