Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzy ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň obasenagat pudagyny, aýratyn-da, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar we özleşdirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly häzirkizaman önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümleri täzelenip, kämilleşdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklary ýylyň dowamynda ýokary hil derejeli, ýokumly gök-bakja önümleri bilen üpjün edilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Heýlelik-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 25-nji martynda milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän dabarada welaýatymyzyň Sakarçäge etrabynda gurlan täze desganyň — “Mähriban obam” hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhana toplumynyň açylmagyna ak pata berildi.
Gahryman Arkadagymyz ýyladyşhana toplumlarynyň açylmagyna ak pata bermek bilen, ýetişdirilen pomidor hasylynyň ýygymynyň başlanmagyna badalga berdi. Şeýle hem şol gün milli Liderimiziň adyndan täze açylan ýyladyşhana toplumynyň ýolbaşçysyna täze oba hojalyk tehnikasy — dünýä meşhur “John Deere” traktory gowşuryldy. 
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işbaşarjaň telekeçi ýigit Bazargeldi Ataýewiň “Mähriban obam” hususy kärhanasy 2012-nji ýylda döredilipdir. Kärhanada ýerli çig mallary ulanmak esasynda keramiki kerpiçler, polietilen turbalar, poliwinilhloridden potolok listleri, şeýle hem jaýlaryň üçekleri üçin asbessementden şifer önümlerini öndürmek ýola goýlupdyr. Ýokary hil derejesine eýe bolan bu harytlar içerki bazarlarymyzda uly islegden peýdalanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan ýyladyşhana toplumy Sakarçäge etrabynyň “Akýap” daýhan birleşiginiň ekin meýdanynyň ýerinden bölünip berlen 26 gektar ýer böleginiň çäginde gurlupdyr. Ýyladyşhana toplumynyň özi 8 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde, esasanam, pomidoryň bitginli hasyly ýetişdirilýär. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylyň dowamynda 1800 tonna pomidor hasylyny ýetişdirmäge niýetlenendir. Bölünip berlen ýer böleginiň 18 gektarynda bolsa üzüm, miweli we saýalyk baglaryň ýaşajyk nahallary oturdylyp, günsaýyn ösüp boý alýar.
— Biziň ýyladyşhana toplumymyzyň açylmagy bilen, bu ýerde işgärleriň 70-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygyny belläp geçesim gelýär. Bu ýerde işlemek üçin ähli şertler bar. Biz ýyladyşahanada pomidoryň Altess F1, Manekro F1 sortlaryny ekip ýetişdirýäris.
Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen Türkiýede, Gollandiýada,  Şweýsariýada, Belgiýada öndürilen ösen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler kuwwatly tehnologiýalara, ýokary işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Bu bolsa ýyladyşhananyň ýylylyk, suwaryş, çyglylyk, iýmitlendiriş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda möhümdir — diýip, ýyladyşhananyň agronomy, ýaş hünärmen Güljeren Ezizowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.
Ýyladyşhanada ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidorlara diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem isleg ýokary. Ýetişdirilen hasylyň belli bir bölegini Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan döwletlerine eksport etmek işleri ýola goýulýar
Ýyladyşhananyň zähmetsöýer hünärmenleri arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.