Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza Gazagystana türkmen gazyny ibermegi teklip etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen gepleşiklerde türkmen gazyny Gazagystan bazaryna ibermek meselesine garamagy teklip edipdir. Bu barada Gazagystanyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyndan soň geçirilen gysga metbugat duşuşygynda aýtdy.

Tokaýewiň pikiriçe az pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen gazyny özara kabul ederlikli nyrhlar boýunça Gazagystanyň bazaryna ibermegiň mümkinçiligine garamak barada ýüzlenendigini habar berip, döwlet Baştutanymyzyň bu meseläniň çözülmegine maksatlaýyn, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi baradaky pikirini doly goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan, Russiýa, Eýran we Katar bilen birlikde tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji dört ýurduň hataryna girýär.