Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny hem ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. 
Mary şäherindäki 19-njy orta mekdepde hem ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde uly işler edilýär. Bu mekdepde 20 ýyl gowrak biregne zähmet çekýän hem-de ussat mugallymlaryň hatarynda giňden tanalýan Gülnar Çerkezowanyň ady hormat bilen tutulýar. Ol 1997-nji ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň başlangyç synp hünärini tamamlady. Soňra ol ýokarda ady agzalan mekdepde öz söýgüli käri boýunça zähmet çekip başlady. Oňa Kümüş Gurbandurdyýewa halypalyk edip, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň ýollaryny öwretdi. G. Çerkezowanyň bilim beren okuwçylarynyň birnäçesi häzir dürli kärlerde zähmet çekýärler. 
Gülnar Çerkezowa häzirki wagtda 3-nji “B” synpyň okuwçylaryna ýolbaşçylyk edip, ylym-bilim berýär. Gülnar mugallymyň hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy--ensiklopedik kitabyndan “Meniň bilýän dermanlyk otlarym” ady bilen geçiren synp sagadyna okuwçylar höwes bilen gatnaşdylar.
Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.