https://sportmedia.com.tm/habarlar/kopetdag-turkmenistanyn-futbol-boyunca-yaslar-yygyndysynyn-yarymgoragcysyny-duzumine-gosdy/OPFtGQhiR9OqbRK.jpg


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary «Altyn asyrdan» ýarymgoragçy Begenç Akmämmedowy düzümine goşdy. 23 ýaşly futbolçy Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynda hem möhüm duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy.

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda ulalyp-ösen futbolçy professional karýerasyna 2015-nji ýylda «Altyn asyrda» başlady. Soňra ol 2016-njy ýylda «Ahala», bu ýerde bir möwsüm futbol oýnandan soň hem «Aşgabada» transfer boldy. 2018-nji ýylda ýene-de «Ahala» gaýdyp gelen ýarymgoragçy 2019-njy ýyldan bäri «Altyn asyrda» çykyş edip gelýärdi.

Şu ýyl «Altyn asyryň» düzüminde AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyna gatnaşan Begenç Akmämmedow, şol toparyň geçiren üç duşuşygynda hem meýdana çykdy. Ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň 19 we 23 ýaşa çenli ýygyndy toparlaryna hem goşuldy.

Futbolçy mundan beýläk, milli we halkara derejeli ýaryşlarda «Köpetdagyň» üstünlikleri üçin göreşer.