MÄHREM  ENÄNIŇ  ALKYŞY

                                            

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” şygarynyň astynda, bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýören, ýüze sylaýmaly uzak ýaşly enelerimiziň we atalarymyzyň barha sany artýar. Arkadagly ilimiziň bagtly eneleriniň biri hem Murgap etrabynyň Gowşutbent geňeşliginiň Penjiwar obasynyň ýaşaýjysy 84 ýaşly ene Dürligözel Allanowadyr. Baýramaly etrabynda dünýä inen Dürlügözel ene, ejesiniň ýarawsyzlygy sebäpli maşgalanyň keşigine ulaşypdyr we bary-ýogy üç ýyl mekdepde okapdyr. Ol on ýedi ýaşynda durmuş gurup, sekiz çaganyň — alty ogluň we iki gyzyň enesi bolýar. Adamsy Annageldi bilen çagalaryny eklemek, ese-boýa galdyrmak üçin gije-gündiz zähmet çekipdirler. Olar edep-terbiýeli, sowatly perzentleri ýetişdiripdirler.

Hormatly Prezidentimiz “Älem içre at gezer” eserinde: “Çaganyň terbiýe alýan şertleri näçe kyn, ýowuz bolsa, onuň duýgusy şonça-da ýiti bolýar” diýip belleýär. Hakykatdan hem şeýle, ene çagalaryny nähili kynçylykda, agyr durmuşda terbiýeläp ýetişdirse-de, perzentleriniň hiç biri hünärsiz däl. Gadyrly enäniň ýetişdiren çagalaryny göreniňde, möminleriň emiri Aly ibn abu Talybyň: “Çagalaryňyzy diňe şu döwür üçin däl, geljek zamanlary hem göz öňünde tutup terbiýeläň” diýen setirleri ýadyňa düşýär.

Häzirki wagtda, Dürligözel ene öz ýan ýoldaşy, 84 ýaşly Annageldi aga bilen hormatly dynç alyşda. Bu gün olaryň guwanara, buýsanara zatlary kän. Olar halal zähmet, ýagşy umyt-arzuw bilen ýeten bagtlarynyň eşretini görýärler. Kemala gelen 26 agtygynyň we 32 çowlugynyň ençemesi ýurdumyzyň dürli ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar we döwlet edaralarynda abraý bilen zähmet çekýärler. Şeýle ajap öňegidişligiň şaýady bolýan mährem ene-atalar çagalarynyň bagtyna guwanyp ýaşaýarlar. Ene köp döwürleriň şaýady bolsa-da, şu günümiz ýaly eşretli, asuda, bagtly durmuşy henize çenli görmändigini öwran-öwran gaýtalaýar. Dürligözel enäniň kalby bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyşdan doly.