Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki «Ýe­ňiş» tikin kärhanasynda 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 25 million 405 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu ýerde zähmet çekýän çeper elli tikinçiler häzirki wagtda mekdepde okaýan okuwçy oglanlara niýetlenilen ak köýnekleri hem-de okuwçy gyzlar üçin zähmet dersinde geýer ýaly egin-eşikler toplumyny taýýarlaýarlar. Kärhanada ekologiýa taýdan arassa matadan tikilip taýýarlanylan ak köýnekler we beýleki tikin önümleri ýakyn günlerde mekdep bazarlaryna ugradylýar