Gaýtadan dikeltmegiň taslamasy

ABŞ-yň Döwlet departamenti her ýylda «Ilçiniň medeniýet mirasyny goramak gaznasy» çagyryşynyň çäklerinde bäsleşik yglan edýär. Bu çäräniň gidişinde wagtyň geçmegi bilen we beýleki sebäplere görä weýran bolan köne ýadygärlikleri gaýtadan dikeltmegiň iň gowy taslamalary saýlanylýar.

Tas iki onýyllygyň dowamynda diýen ýaly Türkmenistanda gözegçilik Uprawleniýesiniň hünärmenleri bilen ýadygärlikleri öwrenmwk we gaýtadan dikeltmek boýunça giň möçberli dikeldiş işleri geçirildi. Bu gezek amerkan tarapyndan Mary Welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Hudaýnazar öwlýäsiniň gümmezini gaýtadan dikeltmäge Tehass uniwersitetine haýyş bilen ýüz tutd=uldy.

Bu ýadygärlik 1951-nji ýylda ЮТАКЭ ekspedisiýsy tarapynda Soltangala galasynyň 25 kilometrlik demirgazygyndan tapyldy. Hünärmenleriň habaryna görä ýadygärlik ХI-ХVIIasyrlar degişli diýip çaklaýarlar. Хх asyryň ikinji ýarymynda ýadygärlik ýykylypdyr. Ýöne begenmeli ýeri, belli arheolog Galina Pugaçenkowanyň düşüren suraty boýunça gurluşygyň fotosuraty saklanyp galypdyr. Şol fotasuratyň netijesinde kabul edilen taslama boýunça ýadygärligiň weýran bolan ýerleri dikeldiler.