Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ilatyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň taslamasyny düzmek, ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ak täjirçilik merkezi» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we binany 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.