MEDENI  HYZMATLAR  GURALÝAR

                                            

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Güneşe baý bolan bereketli türkmen topragyna atan her bir dänäň müň bolup gaýdyp gelýär. Bu toprakda ýylyň ähli paslynda önüm öndürilip hasyl ýygnalýar. Hormatly Arkadagymyzyň bimöçber aladasy bilen häzirki wagtda türkmen daýhanlaryna işlemäge, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Olar döwrebap, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa zähmetkeş babadaýhanlaryň işleriniň has-da ilerlemegine, bereketli toprakdan bol hasyl almagyna ýardam edýär. Zähmetsöýer daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Bu mukaddes toprakda ýetişdirilýän “ak altyn” biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Ol dokma pudagy üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Şol sebäpden hem ýurdumyzda gowaça ýetişdirmeklige aýratyn uly üns berilýär. Etrabyň ussat kärendeçileri şu ýyl Watan harmanyna 49 müň 900 tonna pagta hasylyny tabşyrmagy maksat edinýärler.

Hormatly Prezidentimiziň daýhanlara berýän goldawyndan ruhlanýan “ak altyn” ussatlary şu günler ýetişdirilen bol hasyly isripsiz ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Pagta meýdanlarynda öňdebaryjy kärendeçilere arma bermek maksady bilen etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, etrap medeniýet bölüminiň işgärleri ýygy-ýygydan çykyş edip durýarlar. Golaýda etrabyň “Baýramaly” daýhan birleşiginiň kärendeçileri Şatlyk Garaýewiň we Çary Azymowyň kärende ýerinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalary, wäşileri çykyş edip, kärendeçi pagtaçylara hezil berdiler.

Oba hojalygyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!