Foto klip

Foto klip
Foto klip

Türkmen gelini

Türkmen gelin
Türkmen gelin- gyzlarymyzyň başynyň täji hasaplanylýan “Altyn gupba - altyn jygam “ diýlişi ýaly hazirki döwürde biziň altyn gupbalarymyzy durmuşa çykýan gyzlarymyz toýlarynda milli keteni köýnegimiz we dürli şaý-seplerimizi dakynyp şar gara saçlarynam iki örüp başlaryna-da Altyn gupbasyny geýip öz durmuş toýlaryny toýlaýarlar.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjy!

Dynç alyş günleriniň çäklerinde Hormatly Arkadagymyz Şapolat atly aty bilen didarlaşyp gezelenç etmegi ýurdumyzda atşynaslyga , gamyşgulak bedewlerimize aýratyn üns berýändiginiň şaýadydyr.

Döredijilige sarpa- sungata sarpa!

Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsadynyň ilkinji günlerinden başlap, döredijilik bilen meşgullanmagy , aýratyn hem agtygy Kerimiň täze döreden "Ýaşa Türkmenistan bedew bady bilen diňe öňe" atly saz eserini ýerine ýetirmegi medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda , maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

GÖZEL YMARATLARYŇ USSATLARY

Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda güneşli Diýarymyzda gurluşyk işleriniň talaba laýyk alnyp barylmagy ugrunda ägirt uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da gurluşyk-gurnama işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna-da örän uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem, ähli amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy halkymyzyň ýaşaýyş- -durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

GAZÇYLARYŇ ZÄHMET GADAMLARY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylyň geçen aýlaryny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlän bu öňdebaryjy zähmet toparynyň işgärleri her gije-gündizde 24 —25 million kubmetr tebigy gazy çykarmagyň hötdesinden gelýärler. «Garaşsyzlygyň on ýyllygy» adyndaky, «Ýolguýy», «Çymçykly» gaz känlerindäki ulanyş guýularyndan çykarylýan mawy ýangyç ýokary basyşly gaz geçiriji arkaly şu sehe akdyrylýar. Bu seh tebigy gazyň senagat taýdan düýpli gaýtadan işlenilýän ýeridir. Sehiň işgärleri şu ýerdäki enjamlaryň işleýşine yzygiderli gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, enjamlaryň tehnologik talaplara laýyk, saz işlemegi üpjün edilýär. Sehiň enjamlarynda mawy ýangyjyň düzüminiň ýokary hilli arassalanylyşyna, guradylyşyna we harytlyk gazyň taýýarlanylyşyna işgärler sanly ulgam arkaly gözegçilik edýärler.

ULY JOŞGUN BILEN

Giň sähranyň eýeleri bolan çopan-çoluklaryň her bir güni edermenlige beslenýär.

ÝERIŇ DILINI TAPAN DAÝHAN

Biz hem işjeň agzamyz Döwletjan aganyň kärende ýerinde bolup, onuň armasyny ýetirdik. Her bir taşlan tohumynyň müň bolup yzyna gaýdyp gelmegini arzuw etdik. Bu ýyl hem dänäniň bol hasylyny yrýasyz ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny dolup, has-da ruhlanan daýhan bugdaýyň yzyna 20 gektar ýere ýeralma ekdi. Ol bizi kärende ýeriniň beýleki böleklerindäki dürli miwedir bag-bakjalaryna aýlady. Ýere yhlas, zähmet siňdirseň, rehnediniň başga bolýandygyna pomidorly, hyýarly, garpyzdyr kädili pellerde has-da göz ýetirmek bolýar. Hatar tutup oturan miweli baglary görüp, boz ýatan ýerleriň hem dilini tapyp bolýandygynyň, topragyny özleşdirseň, suwuny, dökünini kadaly berseň jennete öwrülýändiginiň şaýady bolduk.

ÝATANA DEGMEK GÜNÄDIR

Süleýman pygamber ýerinden galjak bolup gobsunanda, synynda uklap ýatan pişige gözi düşýär. Pygamber näderini bilmän esli salym oturypdyr. Allanyň çakylygyna gijä galyp barmak mümkin däl. Şeýle süýji uklap ýatan pişigi turuzmaga-da gözi gyýmandyr. Süleýman pygamber teý alaç tapman, pişigi turuzman, donunyň synyny kesip, pişigiň arkasyny sypap, Allanyň huzuryna gidipdir (Pişigi ýokardan ýagyrnysyny ýere tarap edip zyňanda-da ýagyrnysynyň ýere degmeýändiginiň sebäbi, onuň arkasyny Süleýman pygamberiň sypanlygy üçin diýip gürrüň edýärler).

UNAŞ

Ýodly duz goş, göz çak bilen,

Eräp tagam beräýmeli.

Birdir-iki ýumurtgany,

Unuň eläp garaýmaly.