Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen hem-de halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda döredilen pudak düzüminden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň hem-de elektron petekleri we hasaba alyş kartlaryny girizmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek üçin wezipeleri kesgitläp, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatdaky bilimini artdyrmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmagy tabşyrdy.

Ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, olary ylmy-döredijilik işine giňden çekmek hem-de aýdym-saz sungatymyzy, medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler geljegi uly bolan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bu wajyp wezipedir, çünki milli mirasymyz ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. Halk dabaralarynyň köp sanly däp-dessurlary hem özboluşlydyr. Aýdymlar we sazlar, tanslar, oýunlar hem-de güýmenjeler, saçagyň berekedi, gadymy senetler bilen bagly bilimler — bularyň hemmesi milli medeniýetiň köpugurly düşünjesinde öz beýanyny tapýar.

Häzir Türkmenistanda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de bilim bermek üçin ähli şertler döredildi. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany artýar, ugurdaş okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Şu ýyl ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynda “Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” bölümleri döredildi. Şeýle hem medeniýet ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ugurlary açmak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, sanly ulgamy kämilleşdirmek boýunça hem işler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň agzalary, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bilen yzygiderli geçirýän iş maslahatlary milli Liderimiziň güneşli ülkämiziň medeniýetini ösdürmek baradaky meselelere uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

7-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň barşynda medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işini talabalaýyk guramak, asyrlarboýy sünnälenip, biziň günlerimize ýetirilen medeni mirasymyzy, aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda geljek nesillerimize geçirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini hem-de durmuşa geçirilen özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we dokumental filmleri taýýarlamak, teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin hünärine ökde işgärleri taýýarlamak we olar üçin ýörite okuwlary guramak boýunça netijeli çäreleri wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Bu ugurlarda geçirilýän işler “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň dürli döredijilik çärelerinde öz beýanyny tapdy. Elbetde, medeni diplomatiýa halkara giňişlikde Watanymyzyň abraýyny pugtalandyrmaga netijeli ýardam edýär, milli Liderimiziň döredijilikli daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmagyň möhüm şerti onuň innowasion taýdan okgunly ösüşiniň subutnamasy bolup durýar.

Medeniýeti we media ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hem-de döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Medeniýet ulgamynda gazanylan her bir sepgit dürli jemgyýetçilik işleriniň tutuş toplumyny özünde jemleýär hem-de milletiň ruhy-ahlak baýlygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Bu dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdylar. 2021-nji ýylyň şygarynyň türkmen halkynyň milli ýörelgelerine hem-de taryhy we medeni dessurlaryna gabat gelýändigi bellenildi. Çykyşlarda bu şygaryň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn içeri we daşary syýasatynyň, parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýändigi hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydygy nygtaldy.

Şu ýyl Türkmenistanda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär. Milli Liderimiz bu taryhy senäniň hormatyna meýilleşdirilen dabaralaryň maksatnamasyny tassyklap, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini hem-de baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda, daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda munuň aýratyn ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda hem-de baýramçylyk dabaralarynyň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan dürli döredijilik çäreleri, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar, sergiler we bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-saz dabaralary, durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary geçirilýär.

Dünýä ýurtlary bilen netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler depginli dowam edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda sanly ulgam arkaly dürli halkara döredijilik çäreleri, şol sanda Türkmenistanyň we türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň konserti hem-de “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahat, Diýarymyzyň ýaş zehinleriniň daşary döwletlerden bolan deň-duşlary bilen bilelikde gatnaşan “Bagtyýar çagalyk” atly surat çekmek bäsleşigi, heýkeltaraşlaryň halkara bäsleşigi geçirildi. Şeýle hem paýtagtymyzda ýapon gurjaklarynyň göçme sergisi guraldy.

Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara onlaýn bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Şeýle hem dürli ýurtlaryň we abraýly düzümleriň ugurdaş edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk mowzugy sanly ulgam arkaly guralýan maslahatlaryň barşynda hem dowam etdirildi. 11-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalary “Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi” atly iki günlük halkara maslahata gatnaşdylar. Bu çäre kitaphana işiniň iň gowy tejribesi bilen tanyşlyga hem-de GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň has netijeli görnüşlerine bagyşlandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen hem netijeli gatnaşyklar ösüşe eýe boldy. Onuň bilen özara gatnaşyklar halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji aprelde Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegini mysal getirmek bolar. Geçirilen maslahatlaryň hem-de sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklaryň birnäçesi bu abraýly gurama bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, onuň işiniň esasy ugurlaryny hem-de maksat edinýän anyk netijesini kesgitlemäge bagyşlandy.

Fewral aýynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça meseleleriň giň toplumyna seredildi. Onlaýn görnüşde Medeniýet ministrliginiň hem-de Maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek üçin bilelikdäki teklipleri taýýarlamak boýunça Klaster edarasynyň wekilleriniň iş duşuşygy geçirildi, onda hususan-da, “Keşdeçilik sungaty” atly köp görnüşli hödürnama ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy maýda Medeniýet ministrliginde türkmen paýtagtyny “Dizaýn” ugry boýunça BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak barada sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi, onuň barşynda bu toruň medeniýeti we durmuşy utgaşdyrmaga maýa goýmaga taýýar şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk babatda uzak möhletleýin maksatnamany işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, maý aýynda Aşgabadyň degişli ýüztutmasy ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan resmi taýdan kabul edildi. Bu mesele boýunça soňky çözgüt ÝUNESKO-nyň Baş direktory tarapyndan 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler güni baýramçylygynyň öňüsyrasynda yglan ediler.

22-nji maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Bütindünýä medeni mirasyň sanawyna taryhy ýadygärlikleri hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna keçe sungatyny we demirçilik senedini, türkmen tazysyny we el guşuny hödürlemek üçin deslapky resminamalary taýýarlamak işi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda ÝUNESKO-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy. Şol sanda “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak hem-de goramak hakynda Ylalaşykdan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak boýunça işler geçirilýär. Şeýle hem gün tertibine türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taslamany amala aşyrmak babatda Eýran bilen bilelikde geçirilen işleriň netijeleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, hödürnamany şeýle atlandyrmak hakyndaky teklibiň Eýranyň başlangyjy bolmagynyň biziň döwletlerimiziň dostlukly gatnaşyklaryny we hoşniýetli goňşuçylygyny pugtalandyrmagyň subutnamasydygy bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklibe seredildi.

Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegi geçen ýarym ýylyň ähmiýetli wakasy boldy. Paýtagtymyzyň şanly senesiniň hormatyna köp sanly baýramçylyk çäreleri, dürli maksatly täze desgalary ulanmaga bermegiň dabaralary, konsertler, sergiler, çeper okaýyşlar, döredijilik bäsleşikleri, tanyşdyrylyş dabaralary, forumlar, sport bäsleşikleri we ekologiýa çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň muzeýlerinde ýörite sergiler ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň hormatyna täze aýdymlar, goşgular, sahna oýunlary we kinofilmler, sungatyň dürli görnüşleriniň eserleri döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp goşgusy döredijilik ulgamynyň işgärleri üçin özboluşly nusga boldy. Döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň ýazan sazy esasynda ol ajaýyp şäherimize bagyşlanan, kalplary joşdurýan aýdyma öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň sahypalarynda Watanymyzyň baş şäheriniň parahatçylyk döredijilikli orny öz beýanyny tapdy. Bu kitap ildeşlerimize şanly sene mynasybetli ajaýyp sowgat boldy. Paýtagtymyza edebi ýadygärlik eseri hökmünde ykrar edilen täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy 8-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda geçirildi. Paýtagtymyzyň baş nyşany bolan bu ýerde oňa bagyşlanan dabaralar yzygiderli geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ady agzalan kitabynyň rus dilinde neşir edilendigini bellemek gerek.

Paýtagtymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda “Aşgabat bahary” atly gysga metražly çeper filmleriň gözden geçiriliş bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Gözden geçirilişiň esasy maksady zehinleri agtarmakdan hem-de döredijilik gözleglerine ýardam etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem oňa gatnaşmaga bu ugurda işleýän hünärmenler bilen birlikde, eziz şäherimize, Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabadyň näderejede özgerýändigine öz garaýyşlaryny beýan etmäge isleg bildirýänleriň ählisi çagyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döredilen kinofilmleriň “Aşgabat kino sungatynda” atly retrospektiw görkezilişi bellärliklidir. Ol ilkinji gezek şunuň ýaly görnüşde maý aýynyň 10 — 16-sy aralygynda “Aşgabat” kinoteatrynda geçirildi.

Ýurdumyzyň teatr toparlarynyň ählisi baýramçylyga özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. 12 — 16-njy maý aralygynda geçirilen “Türkmen teatr sungaty” festiwal-bäsleşiginiň çäklerinde birnäçe sahna oýunlary ilkinji gezek görkezildi. 20-nji maýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýene bir döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Onda Aşgabadyň ýeten belent sepgitleri hakynda gürrüň berýän makalalara, şahyrana eserlere, ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyny we şu gününi beýan edýän fotosuratlara, wideoşekillere baha berildi.

Daşary ýurtlaryň ençemesiniň wekilleri türkmenistanlylary şanly sene — Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gutladylar. Şu mynasybetli daşary ýurtlaryň, şol sanda türkmen paýtagtynyň doganlaşan şäherleriniň medeniýet we sungat ulgamlarynyň ýolbaşçylary, işgärleri bilen onlaýn duşuşyklar, halkara forumlar geçirildi. Döredijilik dabaralary 21-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda dowam etdirildi. Onda Diýarymyzyň we daşary döwletleriň meşhur aýdymçylary öz ýurtlarynyň milli lybaslarynda çykyş edip, ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan täze aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň dowamynda dürli ýyllarda doganlaşan şäherleriň gözel ýerleriniň şekilleri görkezildi. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly konsert Watanymyzyň baş şäherine bagyşlanan dabaralaryň jemini jemledi.

Döwlet we halkara baýramlaryň hormatyna guralan çärelerde türkmen halkynyň, häzirki zaman sungatynyň baý we özboluşly mirasy hem-de parahatçylyk döredijilik wezipesi öz beýanyny tapdy.

Aprel aýynyň birinji ongünlüginde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry milli mirasymyzy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge bagyşlandy.

27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi baý medeni mirasymyzy aýawly saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ýokary netijesiniň, milli sungatymyzyň gülläp ösüşiniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde konsertler, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşirýat önümleriniň sergileri, döredijilik duşuşyklary guraldy. Taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň, bu ulgamda gazanylan üstünlikleriň meselelerine bagyşlanyp, dürli maslahatlar, şol sanda onlaýn görnüşinde maslahatlar geçirildi.

Medeniýet hepdeliginde ilkinji gezek Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň “Gül — Bilbil” operasy, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň “Saz rowaýaty” sahna eseri, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen dürli kino eserleri görkezildi.

Foruma gatnaşyjylar sebitiň taryhy we tebigy künjekleri bilen tanyşdylar. Şahyr Seýitnazar Seýdiniň dogduk obasy bolan Halaç etrabynyň “Lamma” geňeşliginde uly şygryýet baýramçylygy geçirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli döredijilik çäreleri geçirildi. Türkmenistanda 2024-nji ýylda dünýä belli nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýubileý çäresini dabaraly geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi.

“Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen uly baýramçylyk konserti giň möçberli döredijilik forumynyň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Iri medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen bu özboluşly toplumyň açylyşy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Medeniýet hepdeligi — 2021-e bagyşlanyldy. Kerki şäherindäki Halkara howa menziliniň hem-de Farap etrabyndaky “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralary hem döredijilik forumynyň çäklerinde boldy.

Baýramçylyk hepdeliginiň jemleýji konsert maksatnamasynda aýdym-sazly çykyşlar, dürli ajaýyp sahna oýunlary görkezildi. Hut şeýle şahyrana döredijilik görnüşinde forumy geçirmek nobaty Lebap welaýatyndan Mary welaýatyna berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu ýerde 2022-nji ýylda nobatdaky Medeniýet hepdeligi geçiriler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde diňe bir halkymyzyň däp-dessurlaryna eýerijiler we ony dowam etdirijiler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap täze eserleri döretmek, makalalarda, teleradiogepleşiklerinde Garaşsyzlygyň gazananlaryny açyp görkezmek baradaky jogapkärli wezipeleri goýýar.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet hem-de medeni köpçülikleýin çärelerini, ilkinji nobatda bolsa, Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ähli baýramçylyk we sahnalaşdyrylan dabaralary ýokary derejede guramagy hem-de geçirmegi tabşyrdy.

Şanly ýubileý ýylynyň ähli dabaraly çäreleri taryhy senäniň nyşany astynda geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet sahypalarynda, şol sanda daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde öz beýanyny tapýar.

Amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň şanyna Watanymyzyň gazanan üstünliklerini hem-de parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny we dürli ulgamlardaky ýeten belent sepgitlerini, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen döredijilik bäsleşiklerini geçirmäge aýratyn üns berilýär.

Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de yzygiderli durmuşa geçirýän netijeli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda köpasyrlyk tejribesi we baý däpleri bolan gatnaşyklar Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky medeni diplomatiýanyň özenini düzýär. Gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklara sarpa goýulmagy halklarymyzy bu gün hem birleşdirip, şolary aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga ruhlandyrýar.

Biziň ýurtlarymyz giň ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek arkaly medeni gatnaşyklaryny ösdürýärler, şeýtmek bilen, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň dowamlylygyny üpjün edýärler. Bu ugurda yzygiderli gatnaşyklar aýratyn wezipäni ýerine ýetirýär — şol wezipe medeniýetleriň toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, Merkezi Aziýa halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakdan, giň döredijilik hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bäş ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti we beýleki döredijilik çäreleri munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň täze belentliklerine ynamly gadam urýandygyny görkezdi.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertine ýokary baha berdiler. Bu çäreler öz esasy wezipesini — doganlyk halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň wagyz edilmegini hem-de bu ulgamyň işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge ýardam etmek wezipesini berjaý etdi.

Ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň biri hem edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baýragy ugrunda her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlary milli medeniýetimiziň baýlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmaga kömek edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň bitewüliginiň kepilidir. Çünki medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir!”. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler gadymy medeni däplerimizi baýlaşdyrmaga, jemgyýetiň ruhy hem-de döredijilik kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär.