Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary we olaryň  ylmyň ösüşine 
ýetiren täsiri «Amidiýe» kitaphanasy

tab1     «Amidiýe» kitaphanasy Merwiň şeýle ady göterýän medresesinde ýerleşipdir. Bu kitaphanany 1056-njy ýylda Beýik Seljuk soltany Togrul begiň bäşinji we iň soňky tanymal weziri  Amid al-Mülk Abu Nasr al-Kundury   (1024-1064) esaslandyrypdyr. Kundury ilki Nişapurda bilim alypdyr.

     Seljukly tagtyna soltan Alp Arslan geçenden soň, täze wezir edilip bellenen Nyzam al-Mülk al-Kunduryny döwletiň garşysyna gozgalaň turzar howpundan howatyrlanyp, soltan Alp Arslana ýamanla pdyr . Al-Kundury jezalandyrylyp öldürilipdir. Ol Merwde öldürilip, jesedi Kundurda jaýlanypdyr.

     Eýsem-de bolsa Nyzam al-Mülk al-Kundurynyň döwrüniň tanymal taryhy şahsyýetidigini hiç mahal unutmandyr. Al-Kundurynyň ýerine wezir bolup geçen Nyzam al-Mülk soňky döwürlerde Seljuk  imperiýasynyň çäklerinde medreseleriň we kitaphanalaryň giň ulgamyny döredip, musulman dünýäsinde ylmyň we bilimiň howandary hökmünde uly şan-şöhrat gazanan bolsa, aslyýetinde ol şeýle edaralary döretmek pikirini Amid al-Mülk al-Kundurydan, hususan-da, onuň «Amidiýe» medresesinden we kitaphanasyndan alandygy baradaky maglumat hakykata ýakyndyr.

Al-Kundury wezir bolup işleýärkä özüniň Merwdäki medresesini we kitaphanasyny uly ylmy ojaga öwürmegiň aladasyny edipdir.   Bu ylmy ojak özüniň döredilen gününden başlap, tä Orta Aziýa mongollaryň çozuşlaryna çenli 164 ýylyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlaryna, şeýle-de seljuk döwletiniň giň okyjylar köpçüligine hyzmat edipdir.