Milli ösüşlerimiziň aýdyň ýoly

1_9

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy enjamlarynyň binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. 

     Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Bu bolsa ýaşlaryň bilim derejesini artdyryp, olary kämilleşdirmäge, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.

     Milli liderimiziň alada etmegi netijesinde ýaş nesilleriň watançylyk, milli terbiýeçilik ruhunda sazlaşykly ösmegi öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler dötedilýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhybelent, bilim almaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan goldaw tapýan, watansöýüjilik duýgulary bilen ruhlanýan ýaşlarymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Merdana ýaşlarymyz özlerine ynanylan  wezipeleriň hötdesinden gelmek bilen jemgyýetimiziň günsaýyn özgermegine, durnukly ösüşiň maksatlaryna özleriniň goşantlaryny goşýarlar.

2_2 3_1