Mugallym we kitap.

tabl1     Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylymly, bilimli ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde kitaplary we beýleki neşir önümlerini çap etmegiň, olardan peýdalanmagyň iň häzirki zaman usullary durmuşa ornaşdyrylýar we bilim bermek işinde giňden ulanylýar. “Kitap sessiz mugallymdyr” - diýmek mugallym kitap okamakdan doýmaly däldir. Özüniň iň ýakyn dosty kitap bolmalydyr. Haýsy ugurdan okadýandygyna garamazdan mugallymlaryň şahsy kitaphanasy bolmalydyr. Esasanam okuwçyda özbaşdak okama ukybyny gazanmalydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynda bilim barada şeýle nakyllar bar: “Okasaň, bilim alsaň, hemmezady bilersiň”, “Bilimli uçar - bilimsiz gaçar”, “Ylym – yhlas”.

     Bu manyly pikirlerden ugur alsak, aňyňy ylym – bilimden iýmitlendirip dursaň, wagt ummanyna syýahat etseň, öňüňde goýýan maksatlaryňa kynçylyksyz çalt ýetjekdigiň subutnamasydyr. Esasan hem mugallymçylyk käriniň ýüregi kitap bolmalydyr.

     Öwretmek we medeniýetli, kämil ýaşlarymyzy ýüze çykarmak üçin mugallymlara gözel Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine goşantlaryny goşmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.