Gadym zamanlarda hemişe işi şowuna bolýan bir ussat täjir bolupdyr. Ol söwda--satyk bilen meşgullanyp, tütjar baýa öwrülipdir, ýöne ol söwda kowalaşyp ýörşüne dost-ýarlarynyň, goňşudyr garyndaşlarynyň toýuna-ýasyna barmaýan eken. Özüniň söwda bilen başagaý bolup, hiç ýere barmaga wagty bolmansoň, ýakynlary toý tutsa öz sowgadyny iberip oňaýýar eken. 

Günlerde bir gün täjiriň köp ýyldan bäri garaşyp ýören ogul perzendi dünýä inýär. Täjir onuň şanyna giňden saçak açyp, ençeme bagşy-sazandany çagyryp, toýa başlaýar. Täjir toýuň üýtgeşik toý bolmagy üçin çykdaýjysyny gaýgyrmandyr. Ençeme aşpezleri, hyzmatkärleri toýa gelen myhmanlaryna hyzmat etmek üçin hakyna tutupdyr. Şeýlelikde, toý başlanypdyr.

Ýöne täjiriň toýuna gelen myhman bolmandyr. Emma gelýän sowgat-serpaýlaryň yzy üzülmändir. Her kim oglan-uşakdan, hyzmatkärinden, wekilinden sowgatlaryny ugradypdyr. Olar hem iberilen sowgatlary täjire berip, “Biz-ä ýumuş oglany” diýip yzlaryna gaýtmak bilen bolýar. Şeýdip, täjir toýuny bir öz maşgalasy bilen geçirmeli bolupdyr. 

Şu ýerde ol öz ýalňyşyna düşünipdir.