1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýa kabul edildi. Şol seneden bäri Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlaryny berjaý edip, sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. 2017-nji ýylyň fewral aýynda has-da şatlykly habar dünýä ýaýrady. Her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan edildi. Bu habar türkmen halky üçin has ýakymly boldy. 

Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň halkara abraýy artýar. Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, öz howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, sebitiň durnukly ösüşinde hem uly taryhy hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Bitaraplyk halkymyzyň ynsanperwerligini, agzybirligini we şan-şöhratyny bütin dünýä äşgär edýän gymmatlykdyr. Bu syýasat türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşiniň kepilidir, döwletimizde bagtyýar zamanany we bolçulygy üpjün edýän binýatdyr. Şonuň üçin asudalygyň we abadançylygyň höküm sürýän ýurdy Türkmenistan bilen gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar.

Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Munuň şeýle bolmagyna bolsa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri aýdyň mysaldyr. Biz, hem mähriban Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny dabaraly bellenilip geçilen şanly Bitaraplygyň 25 ýyllygy bilen mähirli gutlaýarys.

Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan şeýle möhüm, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň binýady baky mizemez bolsun!