«Nyzamiýe» kitaphanasy

Библиотека «Низамие»     Seljuklar döwrüniň ylym we medeniýetiniň şöhraty, olaryň soltanlarynyň, emirleriniň we wezirleriniň ady bilen bagly bolupdyr. Olar ylym-bilim adamlaryny, şahyrlary, şol döwrüň okuw jaýlary bolan medreseleri, kitaphanalary goldap ösdüripdirler. Seljuk soltanlarynyň we emirleriniň köpüsi hem-de olaryň wezirleri ylym adamlary bolup alymlara uly sarpa goýupdyrlar. 

     Seljuklar döwründe ylym, bilim we medeniýet merkezleri bolan medreseleri açmak bilen bir hatarda kitaphanalary açmaga-da uly tagallalar edilipdir. Medreseleriň hemmesinde özüniň gowy üpjün edilen kitaphanalary hem bolupdyr. Şäherlerde aýratyn uly kitaphanalar hem bolupdyr.  Ondan daşary hususy adamlar tarapyndan-da  kitaphanalar açylypdyr. Olar esasan, ylymly adamlaryň we talyplaryň peýdalanmagyna niýetlenipdir. Kitaphanalaryň açylmagy ylmy-derňew işleriniň ösmegine uly itergi beripdir hem-de ylmyň we bilimiň ösüşini öňküden hem ösdüripdir. 

     Merwiň «Nyzamiýe» kitaphanasyny, Beýik Seljukly türkmen döwletiniň weziri Nyzam al-Mülk  XI asyryň 60-njy ýyllarynyň başynda döredipdir diýip ygtybarly aýtmak bolýar. Nyzam al-Mülk 1017-nji ýylda Horasanyň Tus şäherinde dehkan  maşgalasynda dünýä inipdir. Ol özüniň ilkinji wezipesine Tusda dehkanlyk edip başlapdyr.

     Megerem, «Nyzamiýe» kitaphanasy Merwde Seljuklylar döwründe döredilen ikinji kitaphana bolsa gerek. Ol weziriň bu şäherde gurduran medresesinde ýerleşipdir. Ýakut Hamawydan başga-da, bu medrese we onuň gapdalyndaky kitaphana barada Abu Seýit as-Samany «At-Tahbir fi mujem al-kebir», Täç et-Din Abd al-Wahhab as-Subki  «Tabaqat aş-Şafi’iýa al-kubra» atly eserlerinde maglumatlar beripdirler.

     Bu weziriň doly ady Abu Aly al-Hasan ibn Aly ibn Yshak at-Tusy bolup, ylmy edebiýatda ol, adatça, Nyzam al-Mülk («Döwletiň nyzam düzgüni») atly lakamy bilen giňden bellidir.

     Nyzam al-Mülk uzak wagtlap beýik imperiýanyň weziri bolmak bilen, eýelän ýokary derejeli wezipesiniň mümkinçiliklerinden, soltanlar Alp Arslanyň we Mälik şanyň  doly ynamyndan we goldawyndan peýdalanyp, ylmy we medeniýeti ösdürmekde musulman dünýäsinde özünden öň we soň ýaşap geçen we şeýle ýokary jogapkärli wezipede işlän adamlaryň hiç biriniň berjaý edip bilmedik işlerini bitiripdir.     Seljuk döwletiniň girdejisiniň 10 göterimi Nyzam al-Mülküň ygtyýarynda bolupdyr. Bu ägirt uly baýlygy ol özüniň garamagyndaky 20000 sany saýlantgy esgerleri (gulamlary) saklamak, dürli haýyr-yhsan işleri geçirmek we imperiýanyň çäklerinde, medreseleriň we kitaphanalaryň tutuş ulgamyny döretmek ýaly wezipelere sarp edipdir. Şeýdip, ol turuwbaşdan, musulman dünýäsinde özüniň amala aşyran mesanatlyk we magaryfçylyk işi bilen ägirt uly abraý gazanypdyr. Ol ylmy ojaklary, ähli ýerlerde onuň şanyna, «Nyzamiýe» diýip atlandyrypdyrlar.

     Bu «Nyzamiýeleriň» döredilişi boýunça iň möhüm hem ygtybarly ilkinji çeşme Müsürli hukukşynas alym Täç et-Din Abd al-Wahhab as-Subkiniň (1227-1270) «Tabakat aş-şafiýa al-kubra» («Beýik şafi ulamalarynyň terjimehallary») atly eseridir. Onda awtor Orta Aziýanyň, Eýranyň we Yragyň iri şäherleriniň ählisinde diýen ýaly Nyzam al-Mülküň medreseleri we olaryň ýany bilen kitaphanalary gurdurandygyny nygtamak bilen, Bagdadyň we Nişapuryň (bu iki şäherde «Nyzamiýeleriň» iň meşhurlary ýerleşipdir), Balhyň, Hyradyň, Merwiň, Amulyň (Taberistandaky), Yspyhanyň, Jezarat al-Umaranyň, Basranyň we Mosulyň atlaryny tutup geçipdir.  Beýleki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna esaslanyp, W.A.Žukowskiý şeýle «Nyzamiýeleriň» ilata hyzmat eden 6 sany şäherini, G.Makdisi we S.G.Agajanow 9 sanysyny sanapdyrlar.

     Bu «Nyzamiýelerde», adatça, meşhur alymlar işläp, olar medreselerde talyplara ders beripdirler. Kitaphanalarda kitaphanaçynyň gulluk wezipesini ýerine ýetiripdirler, özleriniň ylmy işlerini şol wezipeleri bilen utgaşdyryp alyp barypdyrlar. Nyzam al-Mülküň döreden «Nyzamiýeleri» iki görnüşli edarany-ýokary okuw mekdebini we kitaphanany öz içine alypdyr. Kitaphanalaryň we medreseleriň içi dört eýwandan ybarat bolup,  gurluşygy Horasandaky we Gaznadaky jaýlaryň binalaryna  meňzeş bolupdyr.