Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň başa-baş görnüşleri desgasynda türkmenistanly Olimpiýaçylara sylag gowşurmak dabarasy boldy.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiadasynda 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy. Bu medal mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Şa serpaýyny (ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýy, «Lexus LX570 Sport Plus» ýeňil awtoulagy we pul sylagy) gowşurdy. Şeýle-de, P.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy.

Türkmen Olimpiýaçysy Polina Gurýewa Şa serpaýy üçin Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýdyp, özüne bildirilýän uly ynamy ödemek üçin elmydama tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Türkmen paýtagtynda guralan baýrak gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysynyň tälimçileri Artur Emirýan («Toyota Camry» awtomobili) bilen Ahmet Saryýew («Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden) hem sylaglanyldy.

 Tokio Olimpiadasynda sportuň 4 görnüşi boýunça 9 türgen we agyr atletika boýunça emin Türkmenistana wekilçilik etdi. Türgenleriň 5-siniň agyr atletikaçylardygyny ýatladýarys.

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde guralan baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.