Ilkinji aladalaryny mähriban halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna bagyş edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny barha gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Bu babatda anyk işler kesgitlenilýär we maksatnamalaýyn wezipeler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygyna örän ýaramly gök hem-de bakja önümlerini bolelin ýetişdirmek baradaky görkezmesi indi birnäçe ýyllardan bäri netijeli ýerine ýetirilýär. Gök ekerançy daýhanlaryň tutanýerli zähmet çekmekleri esasynda ýeralmanyň, pomidoryň, sogandyr käşiriň, bolgar burçunyň we beýleki önümleriň öndürilişi artdyrylýar. Saglyga ýaramly, witaminlere baý önümler, olaryň gaýtadan işlenilmegi arkaly alynýan nygmatlar söwda nokatlarynda isledigiňçe bar. Ýaşaýşymyza möhüm gerek bolan gök-bakja, miwe önümlerini köp ýetişdirmekde telekeçiler we hususyýetçiler hem işjeňlik görkezýärler. Olaryň döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalary dürli nygmatlary taýýarlaýarlar. 
Ýurdumyzda gök-bakja we miwe önümleriniň köp ýetişdirilmegi, olary bütin ýylyň dowamynda terligine saklamak hem-de sarp edijilere ýetirmek üçin sowadyjy ammarlaryň uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi bilen şeýle desgalar Diýarymyzyň ençeme ýerlerinde gurlup ulanylmaga berildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen welaýat “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigine degişli sowadyjy ammarlaryň biri Mary etrabynyň çäginde ýerleşýär. Berdimyrat Akmyradowyň ýolbaşçylyk edýän bu sowadyjy ammarynda önümleriň 3 müň tonnasyny terligine saklamaga mümkinçilik döredilendir. Onuň giň göwrümli sowadyjy bölümlerinde gök we miwe önümleri görnüşleri boýunça gaplara gaplanylyp saklanylýar. Ol önümler hasyllaryň    bolelin ýetişdirilýän döwründe önüm öndürijilerden elýeterli nyrhlardan satyn alynýar. Şeýle hem sowadyjy ammaryň ýöriteleşdirilen ulaglary bilen bu ýere getirilýär. Bu ýerdäki barlaghanada hünärmen Aýsoltan Oremedowanyň aladasy netijesinde önümleriň hili kesgitlenilýär. Hünärmeniň aýtmagyna görä biziň toprak we howa şertlerimizde ýetişdirilýän önümleriň hili hemişe ýokary.
Bu sowadyjy ammaryň işgärleri hünärmenleriň görkezmelerine görä önümleri görnüşleri boýunça degişli bölümlere ýerleşdirýärler. Önümleri ýerlerden getirip sowadyjyda ýerleşdirmekde yhlasly işleýän hünärmenleriň hyzmatlary az däldir. Olardan Kakamyrat Meretgulyýew has tapawutly işleýär. Ol bu ýerde işleýän işçileriň her biriniň örän jogapkärli zähmet çekmeklerini guraýar. Şeýle zähmetsöýerleriň hatarynda Gyzylgül Garaýewany, Aýjeren Atageldiýewany, Suraý Begmyradowany, Mamajan Atajanowany görkezmek bolar. Olaryň çekýän päk zähmetleri beýlekilere hem oňat täsirini ýetirýär.
Sowadyjy ammaryň gök we miwe önümleri bilen ilatyň ýeterlik üpjün edilmeginde, önümi degişli ýerlere ugratmakda hyzmaty uludyr. Onuň sürüjisi Röwşen Durdyýewiň başarjaňlygyna “Berekella” aýdýarsyň. Sowadyjyda saklanylýan ter we ekologiýa taýdan arassa gök-bakja, miwe önümleri çagalar baglaryna, hassahanalara we beýleki ýerlere islege görä ugradylýar. Önümler daşary çykarylanda hem onuň hili barlanylýar. Onuň talaba laýyklygy bolsa hoşallyk duýgusyny döredýär. Olar sowadyjy ammaryň örän döwrebapdygy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.