Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen tutumly işlere badalga berilýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynda degerli işleriň gerimi barha giňeýär. Kämil ulgamyň aragatnaşyk we maglumatlar pudagynda eýeleýän orny aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi häzirki döwürde aragatnaşyk we maglumatlar ulgamynda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine iňňän uly üns berilýär.

Golaýda Mary şäherindäki “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda “Marytelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň we Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat ýokarda gürrüňi edilen meselä bagyşlandy. Maslahatda “Marytelekom” WEAK-nyň direktorynyň radio we telewideniýe boýunça orunbasary Döwlet Hojaýew, şu kärhananyň innowasiýa we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Ýusup Ýusubow, TDEI-niň programmaçy inženeri Kerimberdi Akmyradow, şu kärhananyň internet bölüminiň inženeri Eziz Hojamyradow, TDEI-niň inženeri Nurmuhammet Allanazarow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ondan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Bu maslahat oňa gatnaşanlar üçin peýdaly bolup, oňyn çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.