Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşi rowaçlyklara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Şeýle ösüş-özgerişli menzillerimizde milli Liderimiziň başda durmagynda telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegine uly üns berilýär. Ajap eýýamymyzda hususyýetçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylýar. 
Jemgyýetimizde bazar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu günki günde telekeçilerimiz öndüriji güýç hökmünde barha ynamly öňe gidýär. Indi welaýatymyzyň telekeçileri halkyň köp sarp edýän harytlarydyr önümlerini öndürmekde tutumly işleri amala aşyrýarlar. Haryt bolçulygyny döretmekde degerli işleriň möçberleri artdyrylýar. Ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlanyp, görnüşleri artdyrylýar. Bulardan başga-da, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekde, dürli gurluşyk materiallaryny öndürmekde bitirilýän işlerem telekeçilerimiziň guwanjyny artdyrýar. 
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny ýeňişlere besleýärler. Biz partiýamyzyň agzalaryny milli Liderimiziň öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmäge jemlemekde ähli tagallalary edýäris. Wagyz-nesihat çäreleriniň şu günüň talabyna laýyk guralmagyny gazanýarys.