Özbegistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli  5 tonna palaw bilen 6 tonna 200 kilogram semeni  bişirildi

Özbegistanyň Namangan şäherindäki «Rowaýatlar jülgesi» seýilgähinde Halkara Nowruz güni mynasybetli 5 tonna palaw, 6 tonna 200 kilogram semeni bişirildi. Bu barada Özbegistanyň «zamon.uz», «zamin.uz», «daryo.uz» we «aniq.uz» web sahypalary habar berdi.

Halkara Nowruz güni mynasybetli 5 tonna palawy bişirmeklik üçin 1,5 tonna tüwi, 1.8 tonna käşir, 800 kilogram et, 500 kilogram ösümlik ýagy, 100 kilogram kişmiş, 100 kilogram nohut, 10 kilogram zire ýaly azyk önümlerinden peýdalanyldy.

«Rowaýatlar jülgesi» seýilgähinde 7 tonnalyk gazanda gaýnadylan 6 tonna 200 kilogram semeni Nowruz güni irdene taýýar boldy. Baýramçylyk dabarasynyň esasy tagamy bolan semeni 20 sany ýaşuly özbek zenany tarapyndan taýýarlanyldy.

Namangan şäherindäki «Rowaýatlar jülgesi» seýilgähinde baýramçylyk dabarasy höküm sürdi. Tutuş özbek ilaty baýramçylyk mynasybetli bu jülgä geldi. Ýurduň ähli sebitlerinden we goňşy döwletlerden gelen myhmanlar hem «Rowaýatlar jülgesi» seýilgähinde geçirilen baýramçylyk dabarasyna baryp gördüler.

Özbegistanyň dürli teatrlarynyň, halk döredijiligi ansambllarynyň, dürli sungat toparlarynyň, deprekçileriniň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini artdyrdy.

Halkara Nowruz gününiň baýramçylyk dabarasynyň çäginde pes girdejili maşgalalardan 10 sany çaga sünnet edildi. Sünnet edilen çagalaryň her haýsy bu ýerde geçirilýän Halkara Nowruz gününiň baýramçylyk çäresini gurnaýjylardan welosiped sowgat aldylar.

Halkara Nowruz güni mynasybetli Özbegistanyň Namangan şäherindäki «Rowaýatlar jülgesi» seýilgähinde bişirilen 5 tonna palaw bilen 6 tonna 200 kilogram semeni ýurduň «Garyylar öýi» bilen «Ýetimler öýüne» paýlanyldy.