Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝAHAT

“Turkish airlines” kompaniýasynyň Maryda şahamçasy açyldy

23-nji fewralda “Dünýä ulag hyzmatlary” kompaniýasynyň Mary welaýat şahamçasy açyldy. Onda dünýä döwletlerine gidiş hem geliş petekleri satylýar. Bu şahamçanyň aýratyn taraplary ol hem özüne poçtany hem-de cargony birikdirýär. Cargonyň üsti bilen diňe bir Türkiýe döwletinden gelýän ýükleri däl, eýsem, dünýä döwletlerinden gelýän harytlary hem kabul edip bilýär. Ýene-de, şahamçanyň aýratyn tarapy ol hem gelen harytlary eltip, ugratmaly harytlary bolsa, alyp gaýtmak hyzmatynyň barlygydyr. 

Mary welaýatynyň raýatlary üçin bähbitli bolan şahamçanyň ygtyýarnama (lisenziýa) bilen işleýändigini, onuň ynamdardygyny aýratyn bellemek gerek. Raýatlar bu ýere gelip, petekleriň bahasy bilen gyzyklanyp hem-de ony alyp bilerler. 
Poçta babatynda aýdanymyzda, şahamçada bu hyzmatyň bolmagy ony beýleki kompaniýalardan aýratyn tapawutlandyrýar. Şeýle hyzmatyň beýleki kompaniýalarda ýokdugyny bize söhbetdeş bolan halatymyzda aýratyn belläp aýtdylar. Bu bolsa şahamçanyň işiniň ilerlemegine uly goltgy bolar.
Şahamçanyň salgysy: Bagtyýarlyk köçesi, №52 A/2. 
Telefon belgileri: 8522 7-00-85; +99365 658565.
Elektron poçtasy: dunyaulaglarhyzmatlary.mary@gmail.com.