Russiýada daşary ýurtly talyplara ýurda girmäge rugsat berildi

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplary okuwlaryny dowam etdirmeklik üçin Russiýa girmäge mümkinçilik aldylar. «RBK»-nyň habaryna görä, bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi habar berdi.

Habarda: «Rospotrebnadzor tarapyndan howpsuz epidemiologik şertleri bar diýlip ykrar edilen ýurtlaryň Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolan raýatlary okuwlaryny dowam etdirmeklik üçin Russiýa gelip bilerler.» - diýlip bellenilýär.

Russiýanyň çägine girip, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmeklik hukugyny şu aşakdaky 25 döwletiň raýatlary gazandy:

1. Abhaziýa
2. Belarus
3. Azerbaýjan
4. Wýetnam
5. Ermenistan
6. Gresiýa
7. Müsür
8. Hindistan
9. Gazagystan
10. Maldiw adalary
11. Katar
12. Birleşen Arap Emirlikleri
13. Gyrgyzystan
14. Seýşel adalary
15. Kuba
16. Serbiýa
17. Tanzaniýa
18. Singapur
19. Finlýandiýa
20. Türkiýe
21. Şweýsariýa
22. Efiopiýa
23. Günorta Koreýa
24. Ýaponiýa
25. Günorta Osetiýa

Rospotrebnadzor şu ýylyň fewral aýynyň ortalarynda Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikelden ýurtlaryň Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolan raýatlarynyň okuwlaryny dowam etdirmeklik üçin Russiýa gaýdyp baryp biljekdigini habar beripdi.

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplary, Russiýa barjakdyklary barada azyndan on gün öňünden elektron poçta arkaly habar bermeli. Ondan soň bolsa, iki gezek: Russiýa girmezinden üç gün öň we ýurda girenden soň PCR synagyndan geçmeli.

Ikinji synagyň netijeleri belli bolýança, daşary ýurtly talyplar umumy ýaşaýyş jaýynda üzňelik (izolýasiýa) düzgünine eýermelidirler.