Ka­ka­gel­di ÇA­RY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti: 


— Şat­lyk­ly wa­ka­lar biz­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we­la­ýa­ty­my­za iş sa­pa­ry bi­len gel­megi­niň çä­gin­de «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da ýö­ri­te baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti gu­ral­dy. On­da bel­li aý­dym­çy­lar, est­ra­da ýyl­dyz­la­ry, tany­mal tans to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler. Her baý­ram­çy­lyk­lar­da ýa-da hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän çäre­ler­de «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da şow­hun­ly, şü­we­leň­li konsert­ler, dür­li me­de­ni çy­kyş­lar gu­ral­ýar. Mu­ňa my­sal edip, Now­ruz baý­ra­my gün­le­rin­de ge­çi­ri­len me­de­ni çä­re­le­ri we gaý­ry çy­kyş­lary­my­zy gör­kez­mek bo­lar. Şu gün hem bu me­de­ni ojak­da şowhun­ly çy­kyş et­dik. Ol, il­deş­le­ri­mi­ziň gö­wün­le­ri­ni gö­te­ren­dir di­ýen ta­ma­myz bar. Soň­ra mil­li Li­de­ri­mi­ziň we­la­ýa­ty­my­za ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly «Bagt köş­gi» toý me­ka­nyn­da berlen sa­da­ka­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­ziň bi­len di­dar­la­şyp, şa­hyr Mag­tym­gu­ly Myş­şy­ýe­wiň söz­le­ri­ne dö­re­di­len «Gar­ry­lar ge­rek» di­ýen aý­dy­my aý­dyp ber­me­gi­mi so­ra­dy. Men şol aý­dy­my uly joşgun bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­dim. Ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlar üçin hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den al­kyş aýd­ýa­rys.


Ma­ýa­gö­zel HU­DAÝ­BE­RE­NO­WA, Ga­ra­gum et­rap has­sa­ha­na­sy­nyň baş luk­ma­ny: 


— Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we­la­ýa­ty­my­za iş sa­pa­ry­nyň çäk­lerin­de bi­zi — luk­man­la­ry-da özü­niň Şa sow­ga­dy bi­len be­gen­dir­di. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­syndan we­la­ýa­ty­my­zyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­ne tiz kö­mek awtou­lag­la­ry­nyň 10-sy be­ril­di. Nä­sag­la­ra gys­sag­ly kö­mek ber­mä­ge ni­ýet­le­ni­len bu «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry döw­re­bap de­re­je­de luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Ol kö­me­ge mätäç ça­ga­la­ra, gar­ry­la­ra, şeý­le-de oba ýer­le­rin­de hal­ka edil­ýän lukman­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga uly ýar­dam berer. Döw­re­bap de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan şeý­le aw­tou­lag­la­ryň bi­ri bi­ziň et­rap has­sa­ha­na­my­za-da be­ril­di. Tä­ze aw­tou­lag­lar köp iş­leri­mi­zi aň­sat­laş­dy­rar: luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­my­zyň hi­li­ni ýo­karlan­dyr­ma­ga, ýo­la sarp ed­ýän wag­ty­my­zy tyg­şyt­la­ma­ga, nä­sa­ga tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Biz Şa sow­ga­dy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za müň mer­te­be sag­bolsun aýd­ýa­rys. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, alyp bar­ýan dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.


 Ma­ýa­gö­zel AMAN­MY­RA­DO­WA, Ma­ry çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy­nyň iş­gär­ler bo­ýun­ça hü­när­me­ni: 


— Hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň we­la­ýaty­my­za iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ran gü­nünde bi­ziň kär­ha­na­myzyň Baý­ra­ma­ly ha­ly önüm­ha­na­sy­nyň tä­ze des­ga­sy açy­lyp ulanyl­ma­ga be­ril­di. Tä­ze des­ga­ny mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk toýu­na aja­ýyp sow­gat hö­k­mün­de ka­bul etdik. 150 iş orun­lyk tä­ze önüm­ha­na­myz döw­re­bap de­re­je­de gur­lup­dyr. Için­de otur­dy­lan ha­ly sta­nok­la­ry ha­ly­çy ge­lin-gyz­lary­my­za uly we ki­çi göw­rüm­li, şeý­le hem sow­gat­lyk ha­ly­la­ry doka­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu­ýur­ma­lar esa­syn­da ha­ly do­kama­ga-da go­wy şert­ler bar. Bu ýer­de dynç al­mak, na­har­lan­mak üçin dö­re­di­len şert­le­rem, am­ma­ryň hem-de us­sa­ha­na ja­ýy­nyň ýer­leş­di­ril­me­gi-de ha­ly­çy­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li we ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi­ne ýardam eder. Biz, ha­ly­çy­la­ra döw­re­bap haly önüm­ha­na­sy­ny gur­du­ryp be­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze müň mer­te­be al­kyş aýd­ýa­rys. 


Ra­hym­ber­di SE­ÝI­DOW, «Ojar Azi­ýa» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň tas­la­ma iş­le­ri bo­ýun­ça baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry:


 — Döw­le­ti­mi­ziň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nilýän «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­tany» ýy­lyn­da bi­ziň hu­su­sy kär­ha­na­myz hem Ma­ry şä­he­rin­de paý­ly gur­lu­şyk gat­na­şyk­la­ry esa­syn­da tä­ze ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny gur­dy. Paýly gur­lu­şyk diý­me­giň özi tä­ze­çe gur­lu­şyk. Onda desgalar il­deş­le­rimi­ziň is­leg-ar­zu­wy­na gö­rä, şo­lar bi­len mas­la­hat­ly gu­rul­ýar. Äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş ja­ýy 7 gat­dan ybarat bo­lup, onuň 1-nji ga­ty dü­kan­lar, ýo­kar­ky 6 ga­ty bol­sa 188 ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nen öý­ler. Biz dü­ka­nyň üs­tün­dä­ki 2-nji ga­t­da adam­la­ra amat­ly bo­lar ýa­ly edip, da­şyn­da açyk eý­wan ýa­sa­dyk. Bu adam­lar mä­re­ke üý­şü­ren­de, myh­man­la­ry oturt­ma­ga oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der. Adam­la­ryň ra­hat mü­nüp-düş­me­si üçin 7 gat­dada lift­ler goý­lan. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry mu­kaddes Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ma­ry we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry gün­le­ri­ne, buý­sanç­ly wa­ka­la­ra ga­bat gel­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, bü­tin hal­ky­my­zy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy ýe­tip gel­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­lygy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my bi­len gut­la­ýa­rys.