Garaşsyz döwletimizde adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakdaky ýadawsyz aladalary ýokarda ýatlanymyzyň anyk tagallalarda durmuşa geçirilýändigine güwä geçýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen il bähbitli wezipeleriň çözgüdine badalga berýär. Ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny gazanmak şol wezipeleriň özenini düzýär. 

Sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olar tejribeli tälimçilerden tälim alyp, saýlan görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. 

Mekdebimizde ezber türgenleri ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler bar. Biz şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaş türgenlerimiziň ussatlyga ýetişmekleri ugrunda aladalanýarys.