Ir zamanlarda bir nebsewür kişi bir zadyny iki etjek bolup, gije-gündiz hars urupdyr. Ýöne näçe ylgasa-da, artdyran, toplan zady gözüne az görnüpdir. Günleriň bir güni ýaňky kişi nebsine çydaman, Hudaýa ýalbarmagy makul bilipdir. Ol:

— Ýa, ýaradan Alla, men näçe ylgasam-da, näçe der döksem-de üýtgeşik ýygnan zadym ýok. Haçan men şu ýetde-gütdelikden dynarkam?! — diýipdir. Nebsewüriň bu sözleri gudraty güýçli Biribara ýaramandyr. Ýaradan ol adamdan on iki synasynyň birini bermegi sorapdyr. Şonda ýaňky nebsewür adam ondan boýun towlapdyr. Sebäbi, ol on iki synasynyň birini berse, ýarawsyzlyk tapynjakdygyna göz ýetirip, şerte razy bolmandyr.

Muny aňan Biribar:

— Gördüňmi, ynsan, sen meniň soran zadymy bermediň. Başy dik, bagry bitin, jany hem tut ýaly sagat bolsa, adama şondan uly baýlyk, bagt ýokdur. Adam üçin iň esasy zat jan saglykdyr. Çünki, saglyk baş baýlykdyr — diýipdir. 

Bu sözleri eşiden ýaňky nebsewür kişi on iki synasynyň sagatlygyna ýürekden şükür edip, Alladan müňdebir razy bolup, gazanjyna kaýyl bolupdyr.