SAGLYK  BILEN  TEBIGAT  SAZLAŞANDA...

                                  

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň saýasynda gözellikde güller bilen bäsleşýän Watanymyzyň daşky gurşawyny arassa saklamak ugrunda taýsyz tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda arassa agyz suwunyň, kisloroda baý, jana şypaly päkize howasynyň, ynsan saglygyna peýdaly bolan azyk önümleriniň ekologik taýdan arassa bolmagy ugrunda beýik işler, dünýä ähmiýetli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň 2016 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk etmegi netijesinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzadan kabul edilmegi sebitde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň gowulanmagyna düýpli täsir etdi.

Bu ajaýyp tebigatymyzy, daş-töweregimizi goramak biziň her birimiziň hökmany raýatlyk borjumyz bolup durýar. Sebäbi, tebigat biziň mähriban öýümizdir, biz tebigatyň bir bölegidiris. Tebigat arassa, päkize bolsa, onda ýaşaýan ähli janly-jandarlaryň, ynsan saglygynyň berk bolmagyna alyp barýar. Arkadag Prezidentimiz ilatyň ekologik goraglylygyny, saglyk ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, suw üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, howanyň arassalygyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýar. Howada duzly we saglyga howp salýan tozan bölejikleriniň Aral deňzinden ägirt köp mukdarda ýokary göterilmegi bu babatda has hem aýratyn ünsli çemeleşmeklige alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylda AHEHG-nyň Almaty şäherinde geçen sammitinde eden çykyşynda “Türkmenistanyň Aralýaka zolagynda durmuşa geçirilýän özgerdiş maksatnamalary ilatyň durmuş, ekologiýa we sanitariýa taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, degişli infrastrukturany, ilkinji nobatda, suw üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir” diýip belleýär.

Aralda suw gorlaryny köp ugurly peýdalanmak, serhetüsti suw gorlaryny dolandyrmak suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça monitoring ulgamynyň hereket etmegi, şeýle hem daşky gurşawy goramak, biodürlüligi gorap saklamak we tebigy heläkçilikleriň ähtimallygyny azaltmak boýunçada ençeme işler amala aşyrylýar. Galyberse-de, sebitde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, durnukly ösüş, suw we energiýa üpjünçilik, bilim we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklik esasy ugurlar bolup durýar.

Türkmenistan Aral deňiz sebitiniň meseleleriniň çözgüdine uly üns berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda, sebitde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmegi has hem buýsandyryjydyr. Häzirki döwürde dünýäniň howa şertleri düýpli özgerýär. Tebigatyň birden çalt üýtgemegi bilen baglanyşykly howplaryň ýüze çykmagy esasynda şeýle jogapkärli we oýlanyşykly daşary we içeri ekologiki syýasaty alyp barmak aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Bitarap döwletimiz möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Daşky gurşawy arassa saklamak, halkymyzyň her bir raýatynyň bolelin durmuşda, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmak, saglyga zyýan berip biljek dürli täsirlerden goramak Arkadag Prezidentimiziň baş ýörelgesi bolup durýar.

Dünýäde dost-doganlygyň, sagdynlygyň binýadynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!