Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy ajaýyp eserleri bilen yzygiderli begendirip durýan Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna täze — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny il-günümize peşgeş berdi. Şu günler Diýarymyzyň ähli ýerlerinde şanly Bitaraplygymyzyň toýuna sowgat bolan bu täze eseriň tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. 
Ýakynda türkmen Bitaraplygynyň taryhyndan gürrüň berýän bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Mary şäher häkimliginiň ýygnaklar jaýynda geçirildi. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de şäher geňeşiniň guramagynda geçirilen bu dabara TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary gatnaşdylar. 
Dabarany TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow açyp, ilkinji bolup çykyş etdi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby barada giňişleýin gürrüň berdi. M. Janmyradow dabara gatnaşyjylary baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň baýramy hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyna eýlenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdy. 
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew, şäheriň çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Döwletmyrat Durdyýew, TDEI--niň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Maral Agaýewa çykyş etdiler. Olar Bitaraplygyň belent sepgitlerini beýan edýän täze eseriň bütin halkymyzyň, aýratynam, ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň baýramy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, şeýle gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
***
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de institutyň bilelikde guramagynda hem geçirildi. 
Dabarada TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Gurbanýazow, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, institutyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Jahan Toýlyýewa, institutyň 2-nji ýyl talyby Selbi Nazarowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitabynyň baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda halkymyzyň eline gelip gowşandygyny, bu eserde halkymyzyň geçmiş taryhyna goýulýan sarpa, şeýle-de, aýdyň geljegimiziň şöhlelendirilýändigini uly guwanç bilen bellediler.
Gymmatly kitaplaryny halkymyza sowgat berip, toý şatlygymyzy goşalandyrýan Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.