Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, onuň pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Muňa ýurt Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

XXI asyr tehnologiýalar asyry. Bu asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi — täze kämil görnüşleriniň oýlanyp tapylýandygy bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär.
Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň baş şerti. Munuň şeýledigini üçünji müňýyllykda tutuş adamzat üçin ählumumy wehime öwrülen COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar hem doly subut etdi. Bu döwürde innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Çünki pandemiýa milli çäklerde-de, sebit we dünýä derejesinde hem ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsir etdi. Munuň özi agzalan döwürde innowasion tehnologiýalaryň adamzadyň durmuşynda eýeleýän ornuny, olaryň ösüş üçin örän zerurlygyny hakykat ýüzünde doly açyp görkezdi.
Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama kabul edilen gününden bäri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleriň ýüze çykmagynda — ylmy siňňitli harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artyp, eksport mümkinçilikleriniň has-da netijeli ösmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek işiniň netijeleri dürli ugurlaryň işiniň ilerlemegine uly täsir etdi. Birinjiden, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy degişli ugurda tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigini göz öňünde tutsak, onda ol bilim ulgamynyň hem ugurdaşlykda sanlylaşdyrylmagyna itergi berdi. Munuň özi «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmeklige, ilatyň aň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklyga we olary ykdysady ösüşi gazanmak üçin gönükdirmäge täze şertleri döretdi. Degişli ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ählitaraplaýyn kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça Aşgabatda we ähli welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin 10 million amerikan dollarynyň goýberilendigini belläp geçdi. Ikinjiden, sanly ulgamy ösdürmeklik maglumat alyş-çalşygynyň hem sanlylaşdyrylmagyny talap edýär. Şu jähetden, ýurdumyzda sanly maglumat giňişligi döredildi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ilat üçin elýeterliligi üpjün edildi, döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda täze internet saýtlary açyldy, şeýle hem mahabatlandyrma has-da ösdi. Bu babatda gazanylan üstünlikler bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny doly äşgär etdi. Üçünjiden, önümçiligiň güýji innowasion tehnologiýalara bagly bolup durýar. Diýmek, Diýarymyzda sanly reformanyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý eksport kuwwatlyklarymyzyň artmagynda we importa bolan islegiň peselmeginde aýdyň duýuldy. Dördünjiden, sanly ykdysadyýete geçmek ilat üçin amatly we elýeterli hyzmatlary hödürleýär. Ol hyzmatlar durmuşymyzy ähli babatlarda-da ýeňilleşdirýär, tygşytlylygy we tizligi üpjün edýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň ösendigini, gazet-žurnallara abuna ýazylyşygynyň hem-de ýol-ulag we töleg hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy arkaly ýeňilleşdirilendigini görkezmek bolar. Bularyň ählisi sanly ulgama geçmekligiň döredýän durmuş ýeňillikleri we mümkinçilikleridir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bütin adamzat koronawirus pandemiýasy sebäpli ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Bu çylşyrymly ýagdaýlar milli ykdysadyýetlere hem özüniň oňaýsyz täsirini ýetirýär. Munuň özi uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we özgertmeleriň maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilişini üpjün etmek babatda täzeçe çemeleşmeleri peýdalanmaklygy we täze ylmy çözgütleri kabul etmegi zerurlyga öwürdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekdi. Onda ýurt Baştutanymyz «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Kanunlaryna, Prezident maksatnamasyna, sanly ykdysadyýeti we sanly bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Ençeme şeýle ýokary ähmiýetli resminamalara görä taýýarlanmagy bu maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek özgertmeleriň giň gerime eýe boljakdygyndan habar berýär. Munuň özi golaýda tassyklanan degişli Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Bu maksatnama sanly üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, elektron hökümeti döretmek, adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, innowasion ösüş institutlaryny kemala getirmek, ykdysadyýete sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ýerine ýetiriler. Onuň baş maksady jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Maksatnamada ilata edilýän hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak we olaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny artdyrmak maksatly wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, energetika toplumyny kämilleşdirmek we döwrebap alternatiw energiýa serişdelerini döretmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, onda ýerli kompaniýalaryň döredilmegi üçin Startaplary goldamak, telelukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bilimi, saglygy goraýşy, «döwlet-jemgyýet-işewürlik» gatnaşyklaryny düýpli özgertmek we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.
Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly üstünlikler bilen barýan ýurdumyzda sanly ykdysadyýet has-da ösdürilýär. Bu ugurda milli Liderimiz: «Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr» diýip belleýär. Ine, munuň özi Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly durmuşa geçirilýän özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegine we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna gönükdirilýändigine doly güwä geçýär.