Saz – kalplaryň soltany

eye
319

1964-nji ýyl. Fransiýa. Kannada dünýäde iň meşhur Halkara Kann kinofestiwaly geçýärdi. Esasy göz öňünde tutulanlar bilen bir hatarda bäsleşikden daşgary filimleriň goýberlişi hem geçirilýärdi. Olardan biri jýuriniň we tomaşaçylaryň karary bilen goýberilen lrnta, hiç kime belli bolmadyk Türkmenistanly Bulat Mansurowyň döreden filimidi. Filime tomaşa edilýärkä, zalda çendenaşa ümsümlik höküm sürýärdi. Haçan dutaryň soňky owazy kesilip, çyra ýananda aýak üstüne galan zal, el çarpyşmalardan ýarylara gelýärdi. Beýle şowhuny bu ýerde heniz görmändiler. Märeke ýewropalylar üçin adaty bolmadyk — al-howada hesrete ýugrulyp, buýsançly ýaňlyp, adamzat durmuşynyň aňrysy-bärsi görünmeýän jümmüşine aralaşmak üçin aşak inýän sazyň owazyna, keşipleri üýtgeşik ýerine ýetirýän artistlere, ýagşylyk mydama ýamanlygy ýeňýär — filimiň şeýle ýönekeý we hemişelik pelsepelerine raýdaşlyk alamatynda el çarpýar. Filim «Состязание» («Şükür bagşy») diýip atlandyrylýardy. Filim ýüzugra iki baýraga — iň oňat rejissýorlyk we kinoda iň gowy saz üçin — oň manylylygyna haýran galan Çingiz Aýtmatowyň «el ujundan ýazylan saz» diýip atlandyran sazy mynasyp bolupdy. Ol saz Moskwa konserwatoriýasynyň talyby Nury Halmämmedowa dygişlidi.

Hawa, bu el ujundan ýazylan sazdy, şonuň üçinem ol akylyň işi däldi, ony ýazanyň ruhu çeşmesinden ganan ýüregiň önümidi. Dogrusy başgaça bolmalam däldi.Görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedow Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň doglup we ýaşan ýerlerinden uzak bolmadyk ýerde dünýä inipdi. Ajaýyp gözelligi bilen geň galdyrýan bu künjegiň özi-de aýdym-saz öwüşgininiň mesgenidi. Hemişelik sümme tokaýly daglar aýdyň, şatlykly haýallary oýarýardy, olardan çasly akýan çeşmejikler sözleriň we hyýallaryň bir ýere jemlenmegine ýardam edýärdi. Durmuşyň we adamlaryň ajaýyplygyny wasp edýän halk sazandar — bagşylarynyň aýdymlaryny diňleýän ýigdekçe bu sözleri we owazy sorguç ýaly demi bilen sorýardy. Heniz çaga döwürleri oň öňünde kim bolmaly diýen sowal ýokdy. Ol öňden sazanda boljagyny bilýärdi.

Nury Halmämmedow orta mekdebi tamamlap, Moskwadaky konserwatoriýa okuwa girýär. Okuw ýyllarynyň dowamynda diňe auditorýadaky okuw bilen gümra bolman, eýsem döredijilik bilenem ýakyn gatnaşykda boldy. Ýaş talyp özüni dürli žanrlarda synap gördi. Bir näçe ýyllaryň dowamynda oňa giňişleýin meşhurlyk getiren otuza golaý aýdymlara, romanslara saz ýazdy hem dürli-dürli saz eserlerini döretdi. Bu türkmen şahyrlary Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň. ХХ asyryň halk bagşylarynyň goşgularynyň wokallar, şeýle-de Sergeý Ýeseniniň, Geýnäniň, ýapon şahyrlarynyň goşgularyna ýazylan romanslar tapgyrlardy: bu meşhur «Dutaryň owazy» dramasydy,«Türkmrn» kartinasynyň mukamydy. Türkmen saz sungatynyň däpleriniň içinde ösen hem oň hemişelik wepaly bolup galan Nury Halmämmedow iki sany saz däplerine baý bolan Ýewropa we Türkmen sazlaryny düýpli birleşdirdi.

Ol wepadar, ynamly, akgöwünli dostdy. Oň dostlarynyň topary ýazyjylardy, şahyrlardy, nakgaşlardy, kompozitorlardy, artistlerdi, kinematografistlerdi. Şahyrlaryň arasynda ol öz kalbyna ýakyn iki — ХIХ asyryň nusgawy şahyry Magtymgula we öz döwürdeşi, dünýägaraýyşlaryndaky, oýlanmalaryndaky, duýgularyndaky umumylyklar ýakynlaşdyran Gurbannazar Ezizowa sarpa goýýardy.

Nury Halmämmedow ýigrimiden gowrak doly metražly, multiplikasion we dokumental filimlere saz ýazdy. Dostlary hiç kimiň düşünmeýän kino sazyna Nurynyň düşünýändigini aýdýarlar. Göräýmäge sazyň özi oňa tarap ýokardan bir säw bilen dökülýän ýalydy.

Bir gezek Moskwada türkmenleriň «Бездомный Конгурджа» atly multiplikasion filimine ses bermeli bolanda kynçylyk döredi. Filimi döredijiler uly bolmadyk kartina üçin kiçijik kamera saz toparyny bererler öýdüp garaşypdylar, emma Goskino tas ýüz adamly tutuş simfoniki orkestri bölüp berdipdi. Ses bermek üçin möhlet dara-diredi — bary-ýogy üç gündi. Garaşylmadyk bökdençlik ruhdan düşmäge sebäp boljakdy. .Nury: «Hemmesi gowy bolar» diýip köşeşdirýärdi. Ol myhmanhana otagyna girip, içinden gulplaýar, bellenen möhletde taýýar bolan partitura (orkestr we hor üçin ýazylan saz eserleriniň bütewi toplumy) stoluň üstünde peýda bolýar, üstesine-de her bir saz guraly üçin aýratyn ýazylandy. Bu bolsa ummasyz işdi. Ses ýazgysyndan soň aýak üstünde galan orkestr dowamly el çarpyşmalar bilen kompozitory hatyralaýarlar.

Nury Halmämmedow saz keseline uçrapdy. Oň durmuşy saza baglydy. Onda ýakymly duýgularyň, akýürekli garaýyşlaryň, sadalygyň, usuly kämilligiň ýokary derejesi jemlenendi. Ol saza bar hyjuwy, höwesi bilen gulluk edipdi. Nury Halmämmedowyň sazy şeýle bir köptaraply, şonuň üçinem ony diňe türkmen sazy diýip hasaplamak bolmaz. Çnüki bu saz hemmeler üçindi.

1979-njy ýylda Nury Halmämmedowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen at berildi.Ol şeýle-de Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty derejesine we SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Nury Halmämmedowa aradan çykan soň «Türkmenistanyň halk artisti» diýen at dakyldy. Paýtagtymyzyň meýdançalarynyň birinde döredijiligi milli gymmatlyga öwrülen meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň ýadygärligi dur, Aşgabadyň köçeleriniň birine oň ady dakyldy.

Wagt geçýär, türkmenistanlylaryň täze nesli ösüp ýetişdi, ýöne olar hem Nury Halmämmedowyň sazlaryny düşünip, guwanýarlar. Çünki ol sazlar Adamy, Söýgüni, Dostlugy, Parahatçylygy wasp edýär. Çünki olar bakydyr.